Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hydyr aga


Kitaplar.
Kitaplar.

Hydyr Derýaýewiň doglan gününe 110 ýyl boldy

Hydyr Derýaýew döredijilik işiniň başyndan klassyklaryň birine öwrüldi. Jemgyýetde bolsa „Hydyr aga“ diýen hormatly atdan peýdalandy. Oňa hatda öz ogly, belli çagalar doktory Eziz Derýaýew hem „Hydyr aga” diýip ýüzlenýärdi.

„Ganly penjeden“

Hydyr Derýaýew türkmeniň arasyndan ýetişen ilkinji intelligensiýa wekilleriniň biridir. Ol belli alym H. Baýlyýew bilen bilelikde, türkmen diliniň okuw kitabyny ýazmaga gatnaşýar.

Hydyr Derýaýewiň Aşgabatdaky mazary.
Hydyr Derýaýewiň Aşgabatdaky mazary.

Ýigriminji ýyllarda iki poema ýazypdyr hem 1937-nji ýylda „Ganly penjeden“ romanyny çap etdiripdir. Şeýlelikde, ol ilkinji uly göwrümli eser döreden awtor, türkmenlerden ilkinji roman ýazan ynsan. Ýöne şöhrat oňa ýigrimi ýyllyk arakesmeden soň, 1960-njy ýylda „Ykbal” romany çap bolanda gelýär.

Ony „halk duşmany“ diýip ýygnanlarynda „Ganly penjeden“ romany çap bolsa-da, köpçülige ýaýrap ýetişmändir. Romany “zyýanly eser” hökmünde ýygnap alypdyrlar hem ýüzugra ýok edilipdir.

Ýöne onuň käbir nusgasyny ýaşyryp saklap bilen adamlar bolupdyr.

Staliniň ýowuz gazabyna duçar bolan ýazyjy ömrüniň ýigrimi ýyla golaý bölegini agyr türme şertlerinde hem Sibir sürgüninde geçiripdir.

Birden gelen şöhrat

Stalin ölüp, onuň şahsyýet kulty resmi ýagdaýda paş edilenden soň, Hydyr Derýaýew ýurduna gelip bildi hem öz baş goýan söýgüli hünärine – ýazyjylyk işine başlady. Eserdäki wakalaryň ösüp, gerim alyp gitjegini nazarda tutup, oňa täze at dakdy. Üstünde kem-käsleýin işlenen „Ganly penjeden“ romany „Ykbal“ ady bilen çap boldy.

Ýöne ol köplere ýetmedi. Kim satyn alan bolsa, ony aýan etjegem bolmady. Tutha-tutlukdan, dürli aýyplamalardan millet halys gorkýan bolarly.

Ýazyjy haýal etmezden, romanyň ikinji kitabyny ýazdy. Şonda romanyň birinji hem ikinji kitaplary goşlyp, köp sanda çap edildi.

Bu „Bir gytçylygyň – bir bolçulygy“ diýleni boldy. Daşy goýy gyrmyzy reňkli, ady gara harplar bilen ýazylan küti kitap diýseň göze ýakymlydy. Ol „Ykbaly“ söýüjilere aýratyn gowy sowgat boldy. Sähel wagtda ony hem alyp gutardylar. Şäherdäki kitap dükanlarynyň agzynda „Ykbal ýok“ diýen ýazgyly gaty kagyz sallanar durardy.

Bir gyzyň ýatlamasy

Uniwersitetde okaýarkak, kursdaşymyz Käbe Soltanmyradowa şeýle gürrüň berdi.

– Ömrümde şolar ýaly begenen gezegim ýokdur. Oba dükanyna „Ykbal“ gelipdir. Onuň gatyny açman, elime alyp görmän, dädemiň ýanyna ylgadym. Ondan pul soradym. Dädem maňa kitaba ýeter ýaly pul berdi. Nädip dükana gidip, ony satyn alyp, öýe nähili ýetenimi bilemok. Goňur kitaby bagryma basyp, öýe ýetýänçäm ylgap gaýtdym. Şeýle bir begendim. Dädem ýene pul berdi. Men gidip, ýene bir „Ykbaly“ satyn aldym. Mende iki sany täzeje „Ykbal“ bardy. Ol meniň baýlygymdy.

Hydyr Derýaýew okyjylaryň ruhy dünýäsine şeýle söýgi hem hormat bilen aralaşdy.

„Ykbalyň“ meşhurlygy

Bu eseriň birinji kitaby sahnalaşdyryldy. Ol hem edil roman ýaly şowly bolup, köp wagtlap sahnadan düşmedi.

Bu sahna eseri üçin, ýazyja hem ony döredenlere Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi. Soňlugy bilen bu eser esasynda çeper film surata düşürildi.

„Ykbal” romany dürli dillere terjime edildi. Aýratyn-da, onuň täjikçe hem özbekçe neşirleri şowly çykdy.

„Ykbalyň“ özbek halkynyň arasyndaky meşhurlygynyň örän ýokarydygyny türkmen ýazyjylarynyň nobatdaky gurultaýyna gelen belli özbek ýazyjysy Pirimkul Kadyrow ýörite belledi. Özbek alymy, edebiýat teoriýasyndan bilermen Talgat Rustamowiç Salihow bolsa: „Çeperçilik, ýagny hünäri babatda ol ýokarda durýar“ diýip, Hydyr Derýaýewiň döredijiligine aýratyn baha berdi.

Beýleki işleri

Hydyr Derýa „Arzuw” poemasyny, „Hojanepes” dramasyny, soňrak „Harasat” hem “Mukaddes ojak” romanlaryny döretdi. Aýratyn-da, soňky iki roman 70-nji ýyllaryň wakasyna ýüzlendi. Ýazyjy ol eserlerinde durmuşda dowam edýän garşylygy diňe synpy toparlar däl, eýsem ýaşaýyş ugrundaky göreşiň döredýändigini aýtdy.

Ol köp ýyllap jemgyýetçilik işlerini alyp bardy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG