Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara tejribe: Braziliýadaky kitap görnüşli metro petekleri


Braziliýadaky kitap görnüşli metro petekleri.
Braziliýadaky kitap görnüşli metro petekleri.

Braziliýalylar, ortaça hasaba görä, bir ýylda iki kitap okaýarlar. Braziliýada geçirilen bir pikir soralyşygyň netijesi hem muny subut edýär.

Ýurtda kitap okaýanlaryň sanyny ýokarlardyrmak üçin, Braziliýanyň iň uly "L&OM Editores" atly neşirýaty Sao Paolo şäher häkimliginiň islegi boýunça, metro biletlerini kitapçalar görnüşinde çap edipdir. Edebi eser bolan ol kitapçalar şol bir wagtyň özünde metro girmek üçin petek deregine hem ulanylýar.

Başlangyç üçin diňe on sany kitap metro karty ýaly edip çykarylypdyr. Şol kitaplaryň her birinden on müň sanysy çap edilipdir. Soň olara ýörite barkod goýlupdyr. Şol barkod bolsa metroda ulaga pulsuz münmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde metro münýän her bir adamyň elinde indi şol kitaplardan biri bar we olar ony islän mahaly okap bilýärler.

Dünýädäki ilkinji kitap görnüşindäki metro peteklerinde aşakdaky eserleri okamak mümkin:

Pablo Nerudanyň "Söýginiň ýüz soneti", F. Scott Fitzgeraldyň "Beýik Getsbi" romany, Charles M. Schulzyň "Ynha, dostluk", Jim Dawisiň "Bagyşla", Sun Tzunyň "Söweş sungaty", Arthur Conan Doýluň "Şerlok Holms" eseri, W. Şekspiriň "Gamlet" atly eseri, Agata Kristiniň "Ölüm seýilgähi", Mauricio de Sousanyň we Mario Quintanyň eserleri.

Bu täzeçe hereketi, ýagny oýlap tapyşy Braziliýanyň beýleki şäherlerinde hem durmuşa geçirmäge taýýarlyklar başlandy.

XS
SM
MD
LG