Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýa özbek raýatyna iş kesdi


Özbegistanyň raýaty Ýuriý Žukowskiý sudda, Ostersund, Swesiýa

Özbegistanyň raýaty Ýuriý Žukowskiý sudda, Ostersund, Swesiýa

Şwesiýanyň sudy 37 ýaşly özbek raýaty Ýuriý Žukowskini tanymal özbek ymamy Obid Nazarowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şwesiýanyň Ostersund şäheriniň sudy jenap Žukowskini Nazarowy öldürmek barada berilen buýrugy ýerine ýetirmekde günäli tapdy. Nazarow hüjümiň netijesinde koma düşdi.

Şwesiýanyň prokurory Krister Perterson kast edişligi amala aşyrmak barada tabşyrygyň Daşkentden edilendigini aýtdy we Žukowskiý üçin ömürlik türme tussaglygyny sorady.

Obid Nazarowyň ogly Doudhon Nazarow AÝ/AR-nyň özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde suduň kararynyň özüni kanagatlandyrandygyny aýtdy.

Ýuriý Žukowskiý Obid Nazarowy oka tutmakda güman edilip, Orsýetden Şwesiýa eltilipdi. Ymam Obidhon Kori Nazarow 1998-nji ýylda Özbegistany terk edip, 2006-njy ýylda Şwesiýada syýasy gaçybatalga alypdy.

Nazarow Stromsund şäherinde ýaşaýan ýerinde üç gezek oka tutulmagynyň netijesinde beýnisine ýeten zyýandan ejir çekýär, diýip onuň garyndaşlary aýdýarlar.

Mundan öň Swesiýanyň prokurory Krister Petersson Nazarowa edilen hüjümiň aňrysynda özbek häkimiýetleriniň durandygyny görkezýän ençeme subutnamanyň bardygyny AÝ/AR-na aýdypdy.

Nazarow 1990-njy ýyllaryň başynda Merkezi Aziýada iň meşhur bolan ymamlaryň biridi. Nazarow Özbegistanyň awtoritar lideri Islam Karimowy açyk tankyt edipdi.

XS
SM
MD
LG