Sepleriň elýeterliligi

CPJ: Žurnalistleri tussag etmekde Hytaý öňe saýlandy


Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ), 2015-nji ýylda Hytaýyň we Müsüriň žurnalistleri tussag ediji iň erbet ýurtlar bolandygyny aýtdy.

15-nji dekabrda çap edilen hasabatda tussag edilen žurnalistleriň dünýä derejesindäki sanynyň geçen ýyldan azalandygy bellenýär we 2015-nji ýylda 199 žurnalistiň azatlykdan mahrum edilendigi, geçen ýylda olaryň sanynyň 221 adam bolandygy habar berilýär.

Hasabata görä, 1-nji dekabra çenli Hytaýda 49, Müsürde 23, Eýranda 19, Eritreada 17 we Türkiýede 14 žurnalist ýylyň dowamynda tussag edilipdir.

Dissidentlere basyşy güýçlendirip, halkara tankytlaryna eýe bolan Azerbaýjan öňki sowet ýurtlarynyň arasynda birinji ýerde barýar.

Žurnalistleri goraýjy komitetiniň hasabatyna görä, bu ýurtda ýylyň dowamynda sekiz žurnalist tussag edilipdir. AÝ/AR-nyň žurnalisti Hadija Ismaýilowa hem olaryň hataryna girýär. Özbegistanda dört, Orsýetde, Gyrgyzystanda we Türkmenistanda her ýurtda bir žurnalist tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG