Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: 'Talybanyň' öňki ýesiri sud edilýär


ABŞ-nyň öňki harbysy (Pfc) Bowe Bergdahl, "Talyban" tarapyndan ýesir alynmagyndan öň

ABŞ-nyň öňki harbysy (Pfc) Bowe Bergdahl, "Talyban" tarapyndan ýesir alynmagyndan öň

ABŞ-nyň goşuny bäş ýyllap Owganystanyň “Talyban” hereketiniň elinde saklanan seržant Bowe Bergdahlyň “dönüklikde we duşmanyň öňünde özüni ýakymsyz alyp barmakda” aýyplanyp sud edilendigini aýtdy.

Sud Bergdahly günäli tapsa, oňa ömürlik türme tussaglygy garaşýar.

2009-njy ýylyň 30-njy iýunynda Owganystanda öz postuny terk eden Bergdahl 2014-nji ýylda Guantanamo Bay türmesinde saklanan “Talybanyň” bäş öňki agzasyna çalyşylypdy.

Aklawçy Eugene Fidell ABŞ-nyň syýasatçylarynyň Bergdahl barada eden aýyplaýjy çykyşlaryň, onuň adalatly sud edilmek hukugyny kemsidýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG