Sepleriň elýeterliligi

Gazak teňňesi ýene hümmetini ýitirdi


Gazagystanyň we ABŞ-nyň milli pullary

Gazagystanyň we ABŞ-nyň milli pullary

Gazagystanyň milli puly teňňe amerikan dollary babatyndaky hümmetini ýene ýitirdi. Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýeti global derejede nebitiň bahasynyň pese gaçmagyndan we Orsýetdäki ykdysady krizisiň täsirini başdan geçirýär.

14-nji dekabrda Gazagystanyň banklary gazak teňňesiniň bahasyny bir amerikan dollary babatynda 334 teňňe möçberinde kesgitläpdi.

Bu görkeziji Gazagystanyň hökümetiniň 20-nji awgustda milli puluň hümmetini saklamak boýunça resmi çärelerden doly el çekeli bäri teňňäniň bahasynyň iň pes derejesidir.

Şu ýylyň başyndan bäri gazak teňňesi öz hümmetiniň 80% çemesini ýitirdi.

XS
SM
MD
LG