Sepleriň elýeterliligi

TOPH: Türkmenistan çykdajynyň uly bölegini üpjün eder


Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň döwlet baştutanlary.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň döwlet baştutanlary.

Düýbi 13-nji dekabrda tutulan Transowgan gaz proýektiniň çykdajysynyň uly bölegini Türkmenistan üpjün eder. Bu barada Owganystanyň prezidenti Aşref Gani 14-nji dekabrda Kabulda eden çykyşynda aýtdy.

Owganystanyň prezidenti Gani ”Bu proýektiň çykdajysy daşardan üpjün edilmeýär, bu proýekti Türkmenistanyň hökümeti öz mümkinçiligi bilen maliýeleşdirmek kararyna geldi. Elbetde, wagtyň geçmegi bilen halkara hyzmatdaşlar hem bu proýekte goşular diýip umyt edýäris, emma esasy ädimi Türkmenistanyň hökümeti ätdi” diýýär.

Pakistanyň ”The Express Tribune” gazeti 15-nji dekabrda çap eden habarynda bu proýektiň jemi çykdajysynyň 85%-ni Türkmenistanyň, galan bölegini bolsa oňa gatnaşýan beýleki hyzmatdaşlaryň üpjün etjekdigini ýazýar.

10 milliard dollar

Bu proýekt baradaky biraz jikme-jik maglumatda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani çykdajylaryň galan böleginiň Owganystanyň, Hindistanyň, Pakistanyň hasabyna üpjün ediljekdigini aýtdy.

Onuň sözlerinden ugur alsaň, onda Türkmenistandan beýleki şärikdeş ýurtlaryň her biriniň üstüne proýektiň umumy bahasynyň diňe 5%-inden düşýär. Ol bu çykdajynyň Owganystana degişli böleginiň 3%-ni Aziýa Ösüş bankynyň, galan 2%-ni bolsa Owganystanyň hökümetiniň özüniň tölejekdigini mälim etdi.

Bahasy dürli çaklamalara görä 10 milliard dollara deň boljakdygy aýdylýan bu proýektiň çykdajysynyň özüne degişli 85%-ni Türkmenistan haýsy serişdeleriň hasabyna üpjün etjekdigi barada hiç hili maglumat bermeýär.

Näme sebäpden şeýle karara gelendigi hakda hem Aşgabat halk köpçüligine hiç hili maglumat bermeýär. Emma, gepiň gerdişi gelende, 20 ýyldan bäri gürrüňi gidýän bu proýektiň şu güne çenli durmuşa geçmezliginiň esasy sebäpleriniň biriniň hut maliýe meselesidigini aýtsa bolar.

Böwetler

Ýyllaryň dowamynda bu proýekt bilen ençeme halkara kompaniýalar, şol sanda Argentinanyň Bridas, Fransiýanyň Total ýaly kompaniýalary gyzyklandylar, emma şol gyzyklanmalar dürli sebäplere görä iş ýüzünde başa barman, agzalýan kärhanalar wagtyň geçmegi bilen proýektden bir-birden çekildiler.

Eger başa barsa, her ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmak planlaşdyrylýan bu geçirijiniň 730 kilometr töweregi Owganystanyň territoriýasyndan geçýär. Onuň geçmeli ugry hem Helment we Gandagar ýaly welaýatlar bolup, olar hem Owganystanyň iň durnuksyz sebitleri hasaplanýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän ”Uruş we Parahatçylyk Institutynyň” baş redaktory Jon Makleod Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu proýektiň şu güne çenli edil şu sebäpden maýa goýujylary özüne çekip bilmändigini aýdýar.

Bu gaz geçirijiniň Türkmenistandan, Pakistana çenli gaz akdyryp başlamagy mümkin däl, sebäbi barada aýdylanda, üýtgän zat ýok, mundan ozal oňa näme böwet bolan bolsa, şol böwet henizem aýrylanok. Bu proýektiň öňündäki iň uly böwet howpsuzlyk meselesi, ýagny Owganystandaky nämälimlik we durnuksyzlyk. Bu ýagdaý bolsa maýa goýujylary gorkuzýar, şeýle ýagdaýda zerur maliýe serişdesini diňe hökümetiň özi üpjün edäýmese, [başga çözgüt ýok]” diýip, Makleod nygtaýar.

Çykdajynyň 85%-ni

Dogrudanam, hemmesi edil jenap Makleodyň aýdyşy ýaly boldy. Türkmenistan ahyrsoňy bu proýektiň gurluşygy üçin zerur bolan çykdajynyň 85%-ni özüniň çekjekdigini aýdyp, 13-nji dekabrda gazgeçirijiniň gurluşygyna başlady.

Makleod ýaly synçylaryň pikirlerinden çen tutulsa, geçirijiniň Türkmenistan bölegini gurmak aňsat, emma diňe maýanyň üpjün edilmegi proýektiň Owganystana, galyberse-de Pakistana degişli bölekleriniň päsgelsiz guruljakdygyna kepil geçmeýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji dekabrda proýektiň Türkmenistana degişli böleginiň gurluşygyna başlamak üçin geçirilen dabarada eden çykyşynda proýektiň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda doly işe giriziljekdigini aýdýar.

Eger Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, bu proýekt başa baraýsa, ol Türkmenistanyň öz gaz eksportyny köp ugurly etmek boýunça alyp barýan sýyasatynda uly üstünluk bolar.

Owganystan bu gaz tranzitinden her ýylda 400 million dollar gazanmagy maksat edinýär. Energiýa mätäç Hindistan bilen Pakistan bolsa netijede öz ösüp barýan ykdysadyýetlerini goşmaça ýangyç bilen üpjün etmek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG