Sepleriň elýeterliligi

Kabul: TOPH goramak üçin ýörite güýçler döredildi


Owgan güýçleri.

Owgan güýçleri.

13-nji dekabrda dabaraly ýagdaýda düýbi tutulan Trans-owgan gaz geçiriji proýektiniň daşynda oňa gatnaşýan partnýorlaryň arasynda dawanyň dörändigi habar berilýär. Ýagny Owganystan Pakistanyň proýektiň howpsuzlygy bilen bagly bildiren aladasyny tankyt edip çykyş etdi we türkmen gazyny Pakistana, Hindistana akdyrmak boýunça turbanyň öz üstünden geçjek 700 kilometrini Owganystanyň goramak ukybyny nygtady.

Hususanda Owganystan gazgeçirijini goramak üçin ýöriteleşdirilen güýçleriň döredilendigini aýtdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG