Sepleriň elýeterliligi

Kerri Moskwada Siriýa barada gepleşikleri geçirýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerry. 15-nji dekabr, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerry. 15-nji dekabr, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerry Moskwada duşuşyklara başlady. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we ýurduň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiriljek bu duşuşyklarda esasy tema Siriýada dowam edýän graždanlyk urşunyň soňuna çykmak üçin syýasy geçiş boýunça barýan tagallalar we gündogar Ukrainada parahatçylyk ylalaşygynyň amala aşyrylmagy bolar diýip garaşylýar.

Kerry Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerden soň 15-nji dekabrda giçlik prezident Wladimir Putin bilen duşuşar.

Amerikanyň baş diplomatynyň sapary 18-nji dekabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek Siriýa boýunça gepleşikleriň üçünji tapgyrynyň öňüsyrasynda bolýar.

“Öňünden şert goýulmaz"

Orsýetiň daşary işler ministrligi 14-nji dekabrda bir beýannama ýaýradyp, Kerry bilen Lawrowyň telefon arkaly gürleşip, täze duşuşykdan öň belli bir şertleriň ýerine ýetirilmelidigi hakda ylalaşandyklaryny bildirdi.

Amerikanyň döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi hem şol gün Waşingtonda žurnalistlere Kerrynyň Moskwa "bu duşuşyk üçin öňünden şert goýulmaz" diýen umyt bilen gidendigini aýtdy.

Amerika bilen onuň ýaranlary Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bu ýurtda bäş ýyla golaý bäri barýan graždanlyk urşunyň syýasy çözgüdiniň bir bölegi bolup, häkimiýet başynda galyp bilmez diýýärler.

Orsýet bolsa bu pozisiýany ret edip, öz liderini Siriýa halkynyň özi saýlamaly, şeýle hem Yragyň we Siriýanyň köp ýerlerine kontrollyk edýän "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerini ýeňmäge iň ukyply güýç Assadyň goşuny diýýär.

Oppozision toparlar

Seleste Wallander amerikan prezidenti Barak Obamanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Orsýet we Orta Aziýa boýunça direktory. Ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyny 11-nji dekabrda beren interwýusynda Siriýa barada şeýle diýdi: "Biz Siriýa barada gürleşeris. Syýasy geçiş hakda, Orsýetiň öz aýdýan zatlaryny edýän işlerine laýyk getirip, "Yslam döwleti" toparyna garşy göreşinde çynlakaý hereket etmeginiň zururdygy we, esasan-da, häzir barýan syýasy proses hakda gürleşeris".

Öten hepde Saud Arabystanynda geçen bir duşuşykda siriýa oppozision toparlarynyň birnäçesi Assadyň hökümeti bilen parahatçylyk barada gürleşmeli diýen ylalaşyga geldiler. Bu toparlaryň arasynda "Yslam döwleti" topary ýok.

Jon Kerry Siriýanyň oppozision toparlaryny özara baglanyşdyrmak baradaky planyň üstünde entek işlenmelidigini aýtdy. Ýöne Kreml Al-Riýd duşuşygynda gelnen netijeleri ret edip, ol tutuş Siriýanyň oppozision toparlarynyň adyndan gürlemäge hakly däl diýýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Moskwa Parižden bardy. Ol Putin we Lawrow bilen geçirjek gepleşikleri hakda pikir alyşmak üçin ilki Parižde öz saud arabystanly, katarly we iordaniýaly kärdeşleri bilen duşuşdy.

Kerry bilen Putin öten fewralda gündogar Ukrainada atyşyklary bes etmek boýunça Belarusyň paýtagtynda gol çekilen Minsk ylalaşygy hakda hem gepleşik geçirerler.

Bu ylalaşyk ukrain güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldalýan separatistleriň arasyndaky gazaply hereketleri togtatmak barada. Birleşen Milletler Guramasy iki tarapyň arasyndaky çaknyşyklarda dokuz müňden köpräk adamyň ölendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG