Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanly şygyr muşdaklary 15-nji dekabrda şahyr, ýazyjy, kinossenariçi Ramiz Röwşeniň 69 ýaşynyň, şonuň bilen birlikde onuň ilhalar goşgularynyň toýuny toýladylar.

Has dogrusy, bu toý - Azerbaýjanyň "degerli aýdyňlaryndan" biri hasaplanylýan şahyryň gadyr goýulýan goşgularynyň toýy, şahyr bilen guralan TW söhbetdeşlikleri, şygyr okaýyşlar biraz öňräk başlandy. Ramiz Röwşen şol söhbetdeşkleriň birinde «goşgularym maňa dost gazandyrdy, duşmanlarymy özüm gazandym» diýdi.

Ramiz Mehmetaly ogly Röwşen 1964-1969-njy ýyllarda Azerbaýjanyň Döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar, 1976-1978-njy ýyllarda bolsa Moskwadaky Ýokary ssenariçilik kurslarynda okaýar.

Ramiz Röwşen redaktorlyk, ssenariçilik işleriniň daşyndan, dürli ýyllarda “Bir ýagmyrly şyryg”, “Gök ýüzüne daş ýetmez”, “Kebelek ganatlary”, “Gidelim biz olmaýan ýere”, “Nepes-kitaplar kitaby” atly goşgular kitaplaryny çap etdirdi.

Şahyryň bir topar goşgusy ilhalar aýdyma öwrüldi. Şeýle-de onuň goşgulary ozalky sowet respublikalarynda ýaşaýan halklaryň dillerinden başga iňlis, nemes, fransuz, bolgar we ispan dillerine hem terjime edildi.

Biz şahyryň birnäçe golşgusyny azeri dilinden türkmençä geçirip, Azatlygyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.


Seni söýmek çetin, Watan

Seni söýmek çetin, Watan, gör, neneňsi günde sen?!
Depäňden dyrnagňa çenli gara günä içinde sen...
Bilýärsiňmi bu sagat seni söýmek nämä meňzär?
Zorlanan bir gözel gyzy ýürekden söýene meňzär...

O söýgüden iç-içinden ot alyp, ýanar adam,
Emma gorkar aýtmaga, çünki utanar adam;
Bu niçik hal düşeniň, bu niçik gündi, Watan,
Adam seni söýmekden utanar indi, Watan...

Üstüňde nebit läbigi, kimler ýuwjak läbigiň?
Milýonerler ülkesi, dilegçiler Watany...
Nebit bilen gitdi, walla, bereket gaçdy senden,
Nebit bilen uçdy ol, turbalar geçdi senden...

Garyş-garyş gazylsaň-da, begen, entek dik dursuň,
Gara nebtiň gutaranda, ak günlere gowuşarsyň...


Azat hatyn heýkeli

Ýok, seniňem janyň daşdan däl eken,
Gör, seni nä güne saldylar, hatyn.
Owalbaşda baş örtügiň sypyryp,
Eginbaşdan goýmadylar bir gatyn...

Sogan soýan ýaly soýdular seni,
Talady zalymlar soňuňa çenli.
Kimse olaň gözünde ýaş görmedi,
Bu garakçy, kellekeser ordada,
seni talamagy kim oňarmady?

Ýüz-gözüňe yşkyň nury düşüpdi
emma seniň gözde nuruň aldylar,
gurmadygyň öý-işigiň,
dogurmadyk zürýadyňy çildiler...

Gör, seni nä güne saldylar, hatyn,
At-abraý, utanç-haýaň galmady,
sabyr-kanagatyň gitdi.
Gözýaşlaryňy taladylar,
Çildiler göreçleriňi,
Gurap galdy gözbaşyň,
A soň gözleriňden öpdüler seniň,
Adyňa aýdym düzdüler,
Asyl sen sebäpli eken
Ynkylaplar, uruşlar,
Akan ganlar derýa bolup,
Kesilen başlar, hatyn.

Ynkylap nämemişin?
Seň özüň ynkylapsyň,
Hemem başdan aýaga çen
okalmadyk kitapsyň.

Kimler seni gözleriňden
okamaga başlady.
Kimler aýaklaryňdan,
Emma hiç kimse okap,
soňa çykyp bilmedi,
ortada bulaşyp, galdy hemmesi.

Ne ýokardan aşak bakýarsyň bize,
Özüň dälmi bizem doguran, hatyn?
Seniň dogranlaryň azat bolmasa,
Sen neneňsi azat bolarsyň, hatyn?

Ýok, doly däl, ýarymçyk ol azatlyk,
Senem ýarymçyksyň, bizem ýarymçyk;
Ýagşymyz-da, ýamanmyz-da ýarymçyk,
Sen bizi täzeden dogur, azat hatyn heýkeli,
Emma kiçijik dogurma, sen bizi daýaw dogur,
hemem ýarymçyk dogurma, bütewi dogur indi,
şonda senem azat bolarsyň, hatyn,
eý, meniň daş enem, azat bolarsyň!


Ýagyş ýuwar, gün gurudar

Bu ýerleri, bu oýlary
Ýagyş ýuwar, gün gurudar.
Bu dünýäde çoh şeýleri
Ýagyş ýuwar, gün gurudar.

Gözümüziň ýaşyny-da,
Bagrymyzyň başyny-da,
Gabrymyzyň daşyny-da
Ýagyş ýuwar, gün gurudar.

Gelen nedir, giden nedir?
Gundag nedir, kepen nedir?
Bu dünýä öz keýpindedir,
Ýagyş ýuwar, gün gurudar.


Eneler aldatdy bizi

Şirin-şirin ukudadyk,
bir zalym oýatdy bizi.
Eneleriň gujagyndan
bu dünýäýe atdy bizi.

Düşdük ýollaryň agyna,
Bagtymyzyň soragyna,
Gatdy bizi gabawyna,
Elinde oýnatdy bizi.

Bizki ýol näme, bilmezdik,
Bizki öl näme, bilmezdik,
Bilsek - bu dünýä gelmezdik,
Eneler aldatdy bizi.

XS
SM
MD
LG