Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada radikallyk: umumy problema, tutumlar tapawutly


Gurban baýramynda doga-dileg edýän musulmanlar.

Gurban baýramynda doga-dileg edýän musulmanlar.

Bişkekde "Dini radikalizmiň we ekstremizmiň Merkezi Aziýada ýaýbaňlanmak problemasy" temadan sebitara ýygnak geçirilýär.

"Uruş we parahatçylyk" atly institutyň gurnaýan ýygnagyna Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan hem Gyrgyzystandan teologiýa hünärmenleri, döwlet edaradyr-guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Olar dini radikallygyň sebitda has-da ýaýbaňlanmak problemasyna ählitaraplaýyn garap, onuň bilen göreşmegiň ugurlaryny maslahatlaşýarlar.

Özbegistan mysalynda

Daşkentdäki "Bilim kerweni" atly döwlete degişli bolmadyk ylmy-öwreniş edarasynyň müdiri Farhod yslamlaşmagyň SSSR-iň dargamagyndan soňky taryhyny üç tapgyra bölýär. Birinji tapgyr - yslam endikleriniň ösüş döwri. Onuň aýtmagyna görä, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňky bu döwürde derrew metjitler gurulmaga başlandy we dini öwredýän okuw jaýlary açyldy. Şeýlelikde ateizm düşünjelerinden saplanylmaga synanyşyk edildi. Ikinji tapgyr - "intellektual" ýyllar. Haçan-da halk Gurhana ysnyşyp başlanda, ana şonda adamlaryň ýaşaýyş endikleri hem şerigata uýgunlaşyp başlady. Üçünji tapgyr - halkyň diňe bir özi şerigata görä ýaşamaga başlaman, şol bir wagtyň özünde döwletden hem şerigata eýermegi talap edip ugrady. Farhod Tolipow "Hut, ynha, şu üçünji tapgyrda, halk bilen döwletiň arasynda tapawutly pikirler döredi" diýip nygtaýar.

Ol sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: ”Häzirki syýasy ýokary gatlak öz döwründe sowet syýasatynyň aňrybaş ateizm aň-düşünjesi bilen ösüp kemala geldi. Olar diňe indi häzirki döwürde sekulýarizmiň köne hem düýpli gurluşyna doly düşünmäge başladylar. Täjikler bolsa Täjigistanda bolup geçen içerki uruşdan soň häzirki döwürde halkyň arasynda sekulýarizm bilen yslamçylaryň dürli ugurlarynyň arasynda iş ýüzünde gatnaşygy ýola goýmaga synanyşyk edýärler. Hut bu mysal hem ýaňky garaýşa doly güwä geçýär. Jemgyýetde geçirilýän pikir alşyklaryň netijesinde taraplar indi köne sekulýar ýörelgäniň döwlet bilen diniň arasyny açmagy ündeýändigine doly göz ýetirip başladylar. Ýewropa tejribesinde görlüşi ýaly, döwlet buthanadan doly aýrylýar. Ýagny, başgaça aýdylanda, dini guramalar döwletiň dolandyrylşygyndan çykarylýar. Ýöne bu ýerde din döwletden üzňeleşdirilmeýär. Şeýle ýagdaýda täjikleriň Merkezi Aziýada saýlap alan ugry örän ýerlikli görünýär. Olar dini guramanyň döwletden doly aýratyn, özbaşdak hem garaşsyz bolup biljekdigini, ýöne diniň döwletden aýratyn däldigini görkezdiler. Täjigistan şol bir wagtyň özünde golaýda durşy bilen muňa gabat gelmeýän bir karary-da kabul etdi we ”Yslamy galkynyş partiýasyny” gadagan etdi oturyberdi. Bu bolsa käbir raýatlaryň has beter radikallyga ymtylmagyna sebäp boldy.

Artykmaç gysyş radikallygy has möwjedýär

Täjigistanly hünärmen Parwiza Mullajanowanyň bellemegine görä, gaty berk tutum ýaly dine garşy görkezilýän gysyşlaryň hut özi radikallyga uly mümkinçilik döredýär. Ol salafitleriň "Yslam döwleti" atly ekstremist topara birleşmegini muňa mysal hökmünde görkezýär we şeýle diýýär: ”Bar bolan maglumatlara salgylanylan mahaly, "YD" we "Jabhat al-Nusra" ýaly toparlaryň tarapdarlarynyň aglaba köpçüliginiň salafitlerden düzülendigine göz ýetirmek bolýar. Edil şonuň ýaly Ýewropa ýurtlaryndan baryp goşulan raýatlara hem salafit propagandaçylary tarapyndan tälim berlendigini bilýäris. Näresmi maglumatlara görä, "YD" toparynyň hataryndaky söweşijileriň aglaba köpçüligi salafit propagandaçylardan ideologiýa sapagyny alypdyrlar. Şonuň üçinem bilermenler, sebitde ekstremizmi söweş meýdanlaryndaky we olaryň ýaranlary bolan ýerli guramalaryň hem toparlaryň möwjedýändigine ynanýarlar. Söweşijileriň sanyny köpeldýänler hem hut şolardyr. Bu ýerde bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär, ýagny ideologiýa taýdan garalan mahaly, söweşýän ekstremist bilen söweşmeýän ekstremistiň arasynda hiç hili tapawut ýokdyr.

Gyrgyzystan aň-bilim ýoluny saýlap aldy

Gyrgyzystanda we Gazagystanda Täjigistan bilen Özbegistandan tapawutlylykda salafit toparlary o diýen berk gysyş astynda tutulmaýar. Käbir bilermenler ynha şeýle garaýşy öňe sürýärler. Gyrgyzystan respublikasynyň din işleri baradaky döwlet geňeşiniň ýolbaşçysy Orozbek Moldaliýew, öz ýurdunyň din bilen baglanyşykly syýasatynyň aýratynlygyny şeýle düşündirýär: ”Gadagançylyklary durmuşa geçirmeýändigimiz üçin goňşularymyz bizi aýyplaýarlar. Ýöne diňe gadagançylyklar bilen bu problemanyň hötdesinden gelip bolmaýar. Ideologiýa adamyň aňynda ýaşaýar. Şonuň üçinem ony gadagan etmeli däl. Gadagançylygyň deregine biz gaýtam hakyky yslamyň nähili bolýandygyny düşündirmeli. Biziň ýokary derejeli hünärmen din öwrenýän alymlarymyz bar. Ýöne olaryň sany gaty az.

Moldaliýewiň nygtamagyna görä, okuw jaýlarynda ýaşlara diňe bir dini bilim bermek bilen çäklenmän, olara şol bir wagtyň özünde dünýewi bilimler hem berilmelidir. Onuň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde alnyp barylýan tagallalar çäginde medreseleriň uçurymlaryna dünýewi okuw jaýlarynyň usulynda ýöriteleşdirilen goşmaça sapaklar berilýär. Eger bu synanyşyk şowly netije berse, onda geljekde medreseleriň uçurymlaryndan goşmaça dünýewi bilim almak hem talap edilip başlanar.

”Medresä esasan kimler gatnaýar? Adatda bolşy ýaly, ýokary bilimi bolmadyklar gidýärler. Olar medresede Gurhany we şerigatyň kada-kanunlaryny ýatdan öwrenýärler. Soň olar metjitlerde wagyz-nesihata başlaýarlar we şol bir wagtyň özünde hem öz işi bilen gümra bolýarlar. Ondan soň olar şeýlelikde jemgyýetden üzňeleşýärler we kämilleşmeýärler. Şeýlelikde onuň içerki dünýäsi bilen dünýewi jemgyýetiň arasynda ullakan aratapawut emele gelýär. Ynha, hut şu sebäpden biz prezidentiň ýörite buýrugy bilen din barasynda ýörite programmany durmuşa geçirýäris. Hökümet hem biziň alyp barýän işlerimizi goldaýar. Bilim ministrligi hem döwrebap görnüşde täze teologiýa kollejleriniň açylmagyna rugsat berdi. Biz 27 sany medrese talybyny saýlap aldyk. Olar häzir Arabaýew adyndaky uniwersitetde ýokary bilim alýarlar we öz ýaşdaşlary bilen içgin aragatnaşyk saklaýarlar. Olar dini tälimiň ýany bilen dünýewi bilimleri hem öwrenýärler.

Ýygnak 8-nji dekabrda öz işimi tamamlady. Ýygnagyň netijelerine görä, hünärmenler, radikallyk howpunyň azaldylmagy we onuň täsiriniň aýrylmagy barasynda dürli programmalar taýýarlaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG