Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň baş harbysy Yraga sapar edýär


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter)

ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter)

ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter) öňünden yglan edilmedik sapar bilen Bagdada bardy. Onuň Yragyň resmileri we ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary bilen duşuşygynda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşi güýçlendirmegiň ýollary barada maslahat etmegine garaşylýar.

Karter 16-njy dekabrda saparynyň başynda eden çykyşynda “söweş meýdanlaryndaky ýagdaý” we “YD” toparynyň söweşijilerine garşy söweşmek boýunça “kampaniýany batlandyrmak” meselesine üns berjekdigini aýtdy.

Şu aýda ABŞ Yrakda we goňşy Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy reýdleri geçirmek üçin ýokary harby taýýarlykly amerikan toparlaryny ornaşdyrmak planlaryny mälim etdi.

Şeýle-de ABŞ-nyň resmileri Yraga has köp geňeşçilerini we Apaçe dikuçarlaryny ibermegi teklip etdiler.

XS
SM
MD
LG