Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň garaşsyzlygy bellenýär


Garaşsyzlyk ýadygärligi, Almaty, 16-njy dekabr, 2015.
Garaşsyzlyk ýadygärligi, Almaty, 16-njy dekabr, 2015.

Gazagystanyň ýaşaýjylary ýurduň Garaşsyzlyk gününi belleýärkä, aktiwistler ýurtda geçirilen protest aksiýalarynyň dowamynda wepat bolan demonstrantlary ýatlamak boýunça ýörite çäreleri geçirýärler.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň häkimi Bauyržan Baibek 16-njy dekabrda garaşsyzlyk senesini belläp, Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy.

Günüň dowamynda onlarça aktiwist hem oppozisiýanyň liderleri Žarmahan Tuýakbaýyň we Žasaral Kuanyşaliniň ýolbaşçylygynda bu ýadygärlige gül goýdular we 2011-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Žanaozen şäherinde nebit pudagynyň işgärleriniň gandöküşikli protestiniň pidalarynyň hatyrasyna matam tutdular.

Bir aýdan gowrak dowam eden iş taşlaýyşdan soň demonstrantlara garşy edilen basyşyň netijesinde 16 protestçi polisiýa tarapyndan atylyp öldürilipdi we 100-den gowragy ýaralanypdy.

Gazagystan 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň garaşsyzlygyny yglan eden 15 sowet respublikasynyň biri.

XS
SM
MD
LG