Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet 'YD' ilteşikli 1600 işi derňeýär


Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň müdiri Aleksandr Bortnikow

Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň müdiri Aleksandr Bortnikow

Orsýetiň baş howpsuzlyk agentligi “Yslam döwleti” toparyna ýardam bermekde güman edilýän 1600 çemesi şahsy we guramany derňeýändigini habar berdi.

Federal Howpsuzlyk gullugynyň müdiri Aleksandr Bortnikow 15-njy dekabrda eden çykyşynda öz guramasynyň, şeýle-de Siriýada we Yrakda ekstremist toparlaryna goşulmakda güman edilýän 2900 orsýet raýatynyň şahsyýetini anyklandygyny aýtdy.

Bortnikow 198 adamyň söweşlerde öldürilendigini we 214 adamyň Orsýete dolanandygyny belläp, olardan 80 adama höküm çykarylyp, 41-niň tussag edilendigini habar berdi.

Mundan öň prezident Wladimir Putin Orsýetden we öňki sowet ýurtlaryndan “Yslam döwleti” toparyna 5000 we 7000 aralygynda adamyň goşulandygyny aýdypdy. Putin Orsýetiň Siriýadaky kampaniýasynyň Orsýetiň howpsuzlygyny goramak maksadyna gönükdirilýändigini belläpdi.

XS
SM
MD
LG