Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet raketasy nyşanyndan azaşdy


Orsýetiň ganatly raketasy synagyň dowamynda ugruny ýitirip ýurduň demirgazyk-günbatarynda köp gatly ýaşaýyş jaýyna düşdi, adam pidasy bolmady, diýip Orsýetiň Goranmak ministrligi 15-nji dekabrda aýtdy.

Raketa “öz traýektoriýasyndan gyşaryp” Nýonoksa obasynyň golaýyna düşdi, diýip ministrlik habar berdi. Bu oba Moskwadan 1000 kilometr uzaklykda Orsýetiň Arhangelsk regionynda ýerleşýär.

Ministrlik zyýanyň ýetmändigini habar berýärkä AFP we TASS agentlikleri ýaşaýyş jaýyna düşen raketanyň üçegi we birnäçe öýi ýumurandygyny habar berdiler. Agentlikler hem adam pidalarynyň bolmandygyny aýtdylar.

Goranmak ministrligi Orsýetiň raketalary öndürýän esasy kärhanalarynyň biri “Maşinostroýeniýe” ylmy-önümçilik bileleşiginiň sanagynyň dowamynda raketanyň gaçandygyny aýtdylar.

Aprel aýynda hem ýer-howa raketasy nyşanyndan sowulyp Arhangelsk regionyna düşüpdi.

XS
SM
MD
LG