Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Krym bilen söwdany ýatyrýar


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk
Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Kiýewiň Orsýet tarapyndan okkupirlenen Krym bilen bir aýyň içinde söwdany ýatyrjakdygyny aýtdy.

Ýatsenýugyň 16-njy dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, Ukrainanyň hökümeti Kryma we Krymdan “haryt, iş we hyzmatlar üpjünçiligi” 30 günüň dowamynda gadagan etmek kararyna gelipdir.

Ýatsenýugyň sözlerine görä, gadagançylyk “şahsy zatlara, sosial taýdan möhüm azyklara we ynsanperwer kömegine” degişli bolmaz.

Ýatsenýuk Krymyň elektrik togy bilen üpjünçiligini dikeltmekligiň aýratyn bir mesele bolup durýandygyny we diňe Ukrainanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň karar çykarmaga ygtyýarlydygyny aýtdy.

Geçen ýylda Orsýetiň Ukrainada bölüp, öz düzümine goşan Krym ýarymadasy noýabr aýynda Ukrainadan gelýän elektrik simleriniň näbelli adamlar tarapyndan sandan çykarylmagyndan soň energiýa ýetmezçiliginden kösenýär.

Krymdaky krizis ukrain-orsýet gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG