Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistandan gelýän ulagda 204 kg geroin çykdy


Neşe maddasy.

Neşe maddasy.

Türkmenistandan Türkiýäniň Bursa şäherine ýük daşaýan ýük ulagynda 204 kilogram geroin ele salyndy. Bu barada, ýurduň Serhet gullugyna salgylanyp, Türkiýäniň metbugaty habar berýär.

Maglumatda Türkiýäniň Serhet gullugynyň işgärleriniň Eýranyň üsti bilen Türkiýä gelen Türkmenistana degişli döwlet nomerli ýük ulagynda gözleg-barlag işlerini geçirendigi we netijede ulagdan 204 kilograma golaý geroin tapandygy aýdylýar.

Türkmenistandan Bursa şäherine eriş-ýüplük getirýän ýük ulagy 11-nji dekabrda ir bilen sagat 06:20-de Eýrandan Türkiýäniň Agry sebitindäki “Gürbulak” serhet geçelgesine gelýär. Türkiýäniň serhet güýçlerine gelip gowşan habarlaryň esasynda ýük ulagy gözegçilige alynýar. Wakanyň bolan ýerinden ýük ulagynyň sürüjisiniň we eýesiniň gaçyp, ýitirim bolandygy sebäpli Türkiýäniň Serhet gullugynyň güýçleri iki gün garaşmaly bolýarlar diýlip, maglumatda bellenilýär.

Bahasy $17 milliona barabar

Munuň netijesinde “Gürbulak” serhet geçelgesiniň Gaçakçylyk we aňtaw boýunça müdirligi ýük ulagynda gözleg-barlag işlerini geçirmegi karar edýär. Barlaglaryň dowamynda Türkmenistandan ýüklenen eriş-ýüplükleriň arasyndan 40 gap geroin serişdesiniň tapylandygy nygtalýar.

Türkiýäniň "Sondakika.com" websaýtynda Dogubeýazyt baş sudunyň 204 kilograma golaý geroini we ýük ulagy konfiskasiýa edendigi habar berilýär. Şeýle-de, maglumatda türk araçäk gullugy ýük ulagynyň türk sürüjisini we eýesini tussag etmek boýunça operasiýalary başlatdy diýilýär.

Türkiýäniň häkimiýetleri konfiskasiýa edilen geroiniň Owganystanda öndürilen neşe maddasydygyny we onuň bahasynyň 50 million türk lirasyna, ýagny 17 million amerikan dollaryna ($16,840,688) golaýdygyny aýdýarlar.

Owganystanda öndürilendigi aýdylýan bu neşe maddalarynyň Türkmenistanda ýüklenen eriş-ýüplükleriň arasyna nirede we haçan ýerleşdirilendigi barada anyk bir zat aýtmak kyn. Emma soňky ýyllarda Owganystandan Türkmenistana neşe maddalaryny geçirmäge synanyşmakda aýyplanyp, ençeme owgan raýaty tussag edildi.

Mundan ozal

2014-nji ýylyň ahyrynda Owganystandan Türkmenistana geroin we beýleki neşe maddalaryny geçirmäge synanyşan dört adam aýry-aýrylykda tutuldy. Şonda aýry-aýrylykda owganlylar jemi 250-den gowrak neşeli gaplary türkmen-owgan araçäginden Türkmenistana geçirmäge synanyşdylar.

Ýatladyp geçsek, şol wakalaryň birinde ýokary okuw jaýynyň studenti Owganystandan Türkmenistana 50 kilogramdan gowrak neşe maddasyny, şol sanda 17 kilogram geroini geçirjek bolanda araçäkde tussag edildi.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowuzjan welaýatynyň polisiýa başlygy Fakyrmuhammet Jowuzjany Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda tussag edilen şol raýat mundan ozal hem Türkmenistana onlarça kilogram neşe serişdesini geçirendigini boýun aldy diýdi.

Neşe önümçiligi

Owganystanyň Neşelere garşy göreş boýunça ministrligi ýurtda neşe önümçiliginiň artandygyny tassyklaýar. Owgan ministri Salamat Azimi şu ýyl Owganystanda 224 müň gektardan gowrak ýere göknar ekilendigini aýtdy.

Şol bir wagtda Türkmenistan öz döwlet araçäklerinde ele salynýan neşe serişdeleri barada anyk maglumatlary çap etmeýär. Emma Türkmenistanyň döwlet metbugaty şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Aşgabadyň eteginde 200 kilogramdan gowrak neşe maddasynyň ýakylyp ýok edilendigini habar berdi.

Bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreşiň halkara gününe, 26-njy iýuna, gabatlanyp geçirilen bu çärede otlanan neşe maddalarynyň Türkmenistanyň kanun goraýjylary tarapyndan geçirilen ýörite operasiýalarda ele salnandygy aýdyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG