Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Peşawar: Gyrgyndan bir ýyl soň


Peşawarda, harbylaryň jemgyýetçilik mekdebinde «Talybanyň» ýaragly adamlary tarapyndan 144 okuwçynyň we mekdep işgäriniň gyrgyna berlenine bir ýyl boldy. Mekdep Pakistanyň owalda-ahyrda bolan iň elhenç terror hüjümleriniň birinden alan fiziki ýaralaryndan saplanyp, işini dowam etdirmäge çalyşýar. Emma 2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda bolan gyrgynçylykdan aman galanlar henizem öz alan ruhy trawmalary bilen darkaş gurýarlar we olar bu hadysany hem-de wepat bolan klasdaşlaryny hiç wagt unudyp bilmejeklerini aýdýarlar. (AÝ/AR-nyň Maşal radiosy)

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG