Sepleriň elýeterliligi

Ýene 5 ýyldan smartfonlar könemöwrit zat hasaplanar. Täze geçirilen pikir soralyşygynyň netijesi şeýle diýmäge doly esas berýär.

Şwesiýanyň "Eriksson" (”Ericsson”) atly telekommunikasiýa firmasy 40 ýurtda 100 müň adamynyň arasynda pikir soralyşyk geçirdi. Pikir soralyşygyň netijesine görä, häzirki döwürde ýörgünli bolan smartfonlar 5 ýyldan gadymdan galan könemöwrit enjam hasap ediler.

Onuň ornuny bolsa emeli aň tehnologiýasy alar. Enjamlaryň sazlaşykly emeli aňy bolany üçin şonda smartfonuň ekranyna hiç hili mätäçlik bolmaz.

Şeýle arzuw-hyýalyň aňyrsynda adamlaryň has kämilleşen enjama mätäçlik çekmegi ýatyr. Ullakan ekranly enjamlar gaty köp energiýa sarp edýärler. Geçirilen barlaglar ulanyjylaryň şol bir wagtyň özünde enjamlaryň üznüksiz hyzmat etmegini isleýändigini hem görkezýär. Ýöne bu ýagdaýda bir gapma-garşylyk bar. Ynha, hut şeýle gapma-garşylyk bolsa adamlaryň has kämilleşen tehnologiýa mätäçdigini görkezýär.

Pikiri soralanlaryň ýüzden 85 böleginiň aýtmagyna görä, emeli aň öz ýanymyzda göterip gezip biljek "kömekçimiziň" roluny oýnar we şeýlelikde gaty ýörgünli bolar. Häzirki wagtda iki adamdan biri adamlar bilen gepleşmäge ukyply enjamlar bilen hem edil adam ýaly gürleşip boljakdygyna ynanýar.

"Ericsson" firmasynyň hasabaty smartfon ulanýanlaryň emeli aňyň gaty köp wezipäni öz üstüne alyp hem olary berjaý edip biljekdigine ynanýandygyny görkezýär. Muňa telefondan jaň etmek, ýumuş buýurmak, turistlere ýolbelet bolmak ýaly işleriň hem degişlidigi aýdylýar.

Emeli aň tehnologiýasynyň käbir önümleri häzir satuwa çykaryldy. "Amazon's Echo" atly enjam adamlaryň özi bilen gepleşýän we ondan dürli maglumatlary alyp bilýän enjamydyr. Ol şol bir wagtda aýdym-saza bolan islegi hem kanagatlandyryp bilýär. "Google Now", "Microsoft Cortana" we "Apple's Siri" hem öz emeli aňy bilen işleýän kömekçi enjamlaryň käbir beýleki görnüşleridir.

XS
SM
MD
LG