Sepleriň elýeterliligi

Ukrain piloty açlyk yglan etdi


Ukrain piloty Nadia Sawçenko.

Ukrain piloty Nadia Sawçenko.

Orsýetiň türmesinde saklanylýan ukrain piloty Nadia Sawçenko açlyk yglan etdi. Ol orsýetli iki žurnalistiň ölümine gatnaşmakda aýyplanýar.

Sawçenkonyň aklawçysy Nikolaý Polzow 17-nji dekabrda Twitter sosial ulgamyndan beren maglumatynda ukrain pilotynyň Orsýetiň Rostow oblastyndaky Donetsk şäher sudunda açlyk yglan edendigini aýan etdi.

“Nadia Sawçenko özüniň sud işi tamamlanýança açlyk yglan etdi” diýip Polzow aýtdy. Şeýle-de, ol Sawçenko türme tussaglygyna höküm edilse, onda onuň “gurak” açlyk yglan etjekdigini sözüniň üstüne goşdy. “Ol özüniň azatlyga goýberilmegini talap edýär” diýip, Polzow belledi.

Şeýle-de, aklawçy sud Sawçenkony öňümizdäki ýylyň aprel aýyna çenli tussaglykda saklamak barada prokuroryň eden haýyşyny tassyklady diýdi.

XS
SM
MD
LG