Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BMG-niň çäklendirmelerini ret edýär


Eýran özüniň raketa programmasy bilen baglanyşykly islendik çäklendirmäni kabul etmez diýip, 16-njy dekabrda Eýranyň goranmak ministri Hossein Dehgan aýtdy. Ol bu çykyşy Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertleri Tähranyň BMG-niň raketa sanksiýalaryny bozandygy barada netijä gelenden soň etdi.

“Biz Eýranyň diňe öz bähbidine esaslanyp hereket etjekdigini we hiç bir ýurduň ýa-da güýjüň öz islegini bize ornaşdyryp bilmejekdigini bütin dünýä görkezmek üçin “Emady” raketasyny synagdan geçirdik” diýip, Dehgan ministrligiň websaýtynda belleýär.

Şeýle-de, Dehgan “Emadynyň adaty raketadygyny” aýdyp, raketanyň ýadro ýaraglaryny daşamak üçin döredilmändigini we Eýranyň muny şeýle maksatlar üçin ulanmajakdygyny nygtaýar.

“Ýadro ylalaşygy baglaşylany bäri biz özümiziň [raketa] synaglarymyzy, olary öndürmegi we barlagdan geçirmegi bir gün, bir sagat ýa-da bir sekunt hem togtatmadyk” diýip, Dehgan belledi.

XS
SM
MD
LG