Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ýazidi zenany 'YD' ýok etmeli diýdi


Geçen ýyl “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan alnyp gaçylan ýazidi zenany özüne edilen jynsy zorluklary, gynamalary gürrüň berdi. 21 ýaşyndaky Nadia Murad Basee bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň 16-njy dekabrda geçirilen ýygnagyndan öň çykyş etdi.

Yrakdaky ýazidi etniki azlygyndan bolan Basee BMG-niň geňeşinden, özüni we başga-da müňlerçe ýazidi zenanyny alyp gaçan “Yslam döwleti” toparyny ýok etmegi haýyş etdi.

“Yslam döwleti topary ýazidi zenanlaryny gaçakçylyk malyna öwürdi” diýip, Basee özüniň Yrakdaky obasyndan nädip alnyp gaçylandygyny we soňra Mosula alnyp gidilişini gürrüň berdi. Yragyň Mosul şäheri geçen ýyl “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan basylyp alnypdy.

Ýazidi zenany özüniň bir adama berlendigini we onuň “her gün özüni kemsidendigini, şol sanda urup-ýenjendigini” aýdýar.

BMG “Yslam döwleti” toparynyň ýazidileri ýok etmek maksady bilen olara garşy genosidi amala aşyryp-aşyrmandygyny derňeýär.

XS
SM
MD
LG