Sepleriň elýeterliligi

'YD-nyň' hüjüminde iki esger öldi


“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri demirgazyk Yrakdaky türgenleşik lagerine hüjüm etdiler. Bu lagerde ekstremist topara garşy göreşmek üçin niýetlenen söweşijiler türgenleşdirilýär.

16-njy dekabrda edilen hüjümde azyndan iki yrakly sünni söweşiji öldürildi we başga-da dört sany türkiýeli türgenleşdiriji, resmi ýaralandy.

Mosul şäheriniň golaýyndaky Başika sebitinde ýerleşýän lagere birnäçe sagatlap minomýot hüjümi amala aşyryldy.

Türkiýäniň harbylary türk artilleriýa birleşiginiň “Yslam döwletiniň” nyşanalaryna gaýtawul berendigini aýtdylar.

Gürrüňi edilýän lagere hüjüm edilen mahaly, onda 1000-den gowrak söweşiji türgenleşik çärelerini geçirýärdi.

XS
SM
MD
LG