Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Türk hökümeti bilen ylalaşmak ‘mümkin däl’


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 17-nji dekabr, 2015 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 17-nji dekabr, 2015 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň geçen aý ors söweş uçaryny urup ýykmagyny “duşmançylykly hereket” diýip atlandyrdy we häzirki türk hökümeti bilen islendik ylalaşyga gelmegiň “praktiki taýdan mümkin däldigini” aýtdy.

17-nji dekabrda Moskwada özüniň ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş eden Putin türk-siriýa serhediniň golaýynda ors söweş uçarynyň urlup ýykylmagyny “türk häkimiýetinde kimdir biri amerikanlaryň göwnünden turmak isledi” diýip düşündirdi.

Ankara 24-nji noýabrda ors uçary Siriýadan Türkiýäniň araçäklerine gysga wagtlaýyn geçenden we edilen duýduryşlary görmezden gelenden soň urlup ýykylandygyny tekrarlaýar.

Şeýle-de, Putin öz çykyşynda türk halkynyň we türki dilli milletleriň özleriniň” dosty we hyzmatdaşlary bolup galjakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG