Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin 'ykdysadyýetimiz daýanýar' diýýär


Putin: Türkiýe ABŞ-a ýaranýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Putin: Türkiýe ABŞ-nyň bir ýerini ýalaýar

Prezident Wladimir Putin özüniň ýyllyk metbugat konferensiýasyny orsýetlileri köşeşdirmek üçin ulanmaga çalyşdy, ýagny ol nebit nyrhlarynyň aşaklamagy bilen gowşan rus ykdysadyýetiniň kem-kemden daýanýandygyny öňe sürdi.

Putin 17-nji dekabrda Kremlde, 1400-e golaý orsýetli we daşary ýurtly žurnalistiň öňünde çykyp gürläp, geçen aý rus uçarynyň urlup ýykylmagy bilen baglylykda türk ýolbaşçylarynyň adresine sypaýyçylyksyz sözleri aýtdy.

Emma muňa garamazdan, sagatlara çeken çykyşynyň dowamynda, ol Orsýetiň Ukraina we Gürjüstan bilen gatnaşyklary barada söz açanda, kähalatda ýaraşyk äheňinde hem gürrüň etdi.

Putin Orsýetiň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin işleşmäge taýýardygyny belläp, şu hepde döwlet sekretary Jon Kerri bilen geçiren gepleşikleriniň Waşingtonyň hem bilelikdäki tagallalar arkaly çözülip biljek meselelere tarap ümzük atmaga taýýardygyny görkezendigini öňe sürdi.

Ykdysady daýanyş

Putin Orsýetiň jemi içerki önüm ösüşiniň, girdejileriniň we maýa goýumynyň peselýändigini, inflýasiýanyň bolsa ýyl başlanaly bäri 12.3 prosent derejesinde ýokary bolup galýandygyny boýun aldy.

Ýöne ol rus ykdysadyýetiniň «durnuklaşma alamatlaryny» hem görkezýändigini aýtdy.

"Rus ykdysadyýeti krizisden geçdi, azyndan krizisiň agyr ýerinden geçdi» diýip, ol aýtdy.

Nebit bahasynyň aşaklamagy we Orsýetiň Ukrainanyň işlerine gatyşmagy zerarly Günbatar tarapyndan girizilen sanksiýalar rus ykdysadyýetine zarba boldy we rubluň hümmetini mazaly aşak gaçyrdy.

Emma Putin önümçiligiň az-da bolsa ösüş alamatlaryny görkezendigini, oba hojalygynda sagdyn söwda deňagramlylygynyň bolandygyny aýtdy. Ol ýurduň pul ätiýaçlygynyň $364 milliard bolup durandygyny we kapitalyň daşaryk akmasynyň haýallandygyny aýtdy.

Putin hökümetiň geljek ýyl 0.7 prosent ösüş boljagyny çaklaýandygyny, 2017-nji ýylda bolsa 1.9 prosent, 2018-nji ýylda 2.4 prosent ösüş tamasynyň edilýändigini habar berdi. Bu ol bu çaklamalaryň nebitiň bahasynyň barreli 50 dollar, ýagny häzirki bahasyndan 10 dollar gymmat bolmagyna esaslanýandygyny hem sözüne goşdy.

"Assad meselesi daşardan çözülmesin"

Orsýetiň Siriýada, prezident Başar al-Assadyň goldawyna howa zarbalaryna urmaga başlanyna üç aýa golaý wagt boldy. Moskwa bu zarbalaryň ekstremist toparlary nyşana alýandygyny aýdýar. Şeýle-de Putin özüniň Başar al-Assad Siriýanyň prezidenti bolup galmalymy ýa däl diýen meseläniň daşarky güýçler tarapyndan çözülmegine hiç wagt razy bolmajagyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar, Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa ýaly döwletler Assadyň Siriýadaky hökümet geçişine gatnaşdyrylmaly däldigini aýdyp, öz diýenlerinde berk durýarlar.

Putin Assadyň hökümet güýçleri yslamçy jeňçilere garşy näçe uzak söweşse, Orsýetiň hem ol ýerde şonça uzak söweşjegini aýtdy. Şeýle-de ol Orsýetiň Siriýa ýarag kömegini berýändigini, rus güýçleriniň Siriýada «Yslam döwleti» toparyna garşy göreşýän oppozisiýa toparlaryna howa goldawyny üpjün edýändigini aýtdy.

Putin özüniň entek Siriýada hemişelik harby baza döretmek zerurlygy barada belli karara gelmändigini hem sözüne goşdy.

"Eger-de biz [dünýäde] birine ýetmeli bolsak, biz şony etmeli" – diýip, Putin Orsýetiň uzak aralyga ýetýän raketa ukybyny nazara alyp aýtdy.

Günbatar ýurtlary Orsýeti, Moskwanyň «Yslam döwletiniň» we beýleki ekstremist toparlaryň jeňçilerini nyşana alýan diýmegine garamazdan, Assadyň hökümetine garşy göreşýän aram oppozisiýa güýçlerine hüjüm etmekde aýyplaýarlar.

Putin Orsýetiň ABŞ tarapyndan goldanylýan we YD toparyna garşy sanksiýa girizmegi, onuň girdejilerini kesmegi nazarlaýan rezolýusiýa taslamasyny goldandygyny aýtdy.

Putin Siriýadaky krizis diňe syýasy ýol bilen çözülip bilner we ol ýerde täze konstitusiýa taslanyp, täze saýlaw geçirilip, siriýalylaryň özleri öz ýolbaşçylaryny seçmeli bolar diýdi.

Rus-türk gatnaşyklary

Putin 24-nji noýabrda Siriýanyň serhedinde urlup ýykylan rus uçary bilen baglylykda, häzirki türk ýolbaşçylary bilen gatnaşyklary gowulandyrmak meselesinde, hiç bir perspektiwanyň ýokdugyny aýtdy.

Türkiýe Orsýetiň Su-24M uçarynyň öz howa giňişligine girendigini aýdýar, Orsýet muny ret edýär.

"Häzirki türk ýolbaşçylary bilen ylalaşyga gelmek kyn, belki-de asla mümkin däl» diýip, Putin aýtdy. Ol uçaryň urlup ýykylmagy «duşmançylykly hereket» boldy we Orsýet munuň näme üçin beýle edilendigine düşünmedi, türkler amerikanlaryň belli bir ýerini ýalamak kararyna gelen bolarly diýdi.

Putin Orsýetiň Ukraina, hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri söweş gidýän ýurt bilen gatnaşyklary barada söz açyp, Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Ýöne ol Moskwanyň, Kiýew bilen ÝB-niň 1-nji ýanwardan güýje girýän söwda ylalaşygy sebäpli, Ukraina garşy sanksiýa girizmek planynyň ýokduguny belledi. Şeýle-de ol Orsýetiň gündogar Ukrainadaky pitneçilere bolan täsirini ulanyp, bu konflikte syýasy çözgüt tapylmagyna ýardam etmäge taýýardygyny bildirdi.

Putin Orsýetiň Gürjüstan bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga we wiza düzgünini ýatyrmaga taýýardygyny aýtdy. Ýöne ol Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwiliniň Ukrainada regional gubernator edilip bellenilmegi ukrain halkynyň ýüzüne tüýkürmek boldy diýdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG