Sepleriň elýeterliligi

Karter Kabula bardy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter öňünden duýdurman Owganystana bardy. Karteriň ABŞ-nyň harbylary we owgan resmileri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Karteriň 18-njy dekabrda edýän bu sapary Owganystanyň howpsuzlyk taýdan şowsuzlyklary başdan geçirýän wagtyna gabat geldi, “Talyban” şu ýyl has köp hüjümleri amala aşyrdy we owgan güýçleriniň arasyndaky ýitgileriň sany artdy.

ABŞ-nyň Kongressiniň geçen hepdeden çap eden hasabatyna görä, Pentagon şu ýylyň başyndan noýabr aýynyň ortalaryna çenli Kabulda bolan hüjümleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 27% köpelipdir. Agzalan döwrüň dowamynda Owganystanyň milli goranmak we howpsuzlyk güýçleriniň çeken ýitgisiniň derejesi hem 27% bolupdyr.

Oktýabr aýynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystanda harby güýjüni artdyryp, 2016-njy ýylda harbylaryň sanyny 9800 ýetirmek planyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG