Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan: Rus esgeri sud edilýär


Sud Waleriý Permýakowyň işini diňleýär, Gýümri, 12-nji awgust, 2015.

Sud Waleriý Permýakowyň işini diňleýär, Gýümri, 12-nji awgust, 2015.

Ermenistanyň sudy Gýumri şäherinde ermeni maşgalasynyň ýedi agzasyny öldürmekde aýyplanýan orsýetli esgeriň işine garaýar.

Waleriý Permýakowyň sudy 18-nji dekabrda Orsýetiň Gýumridäki harby bazasynda geçýär.

19 ýaşly Permýakow 12-nji ýanwarda Awetisýan maşgalasynyň öýüne baryp, maşgala agzalaryny, şol sanda iki ýaşly we alty aýlyk bäbegi oka utup öldürmekde aýyplanýar.

12-nji awgustda Orsýetiň Gýümridäki harby sudy Permýakowy 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Ol harby bazadan ýarag ogurlamakda, goşundan gaçmakda we Gýumride ýarag ulanmakda günäni boýun aldy.

Awetisýan maşgalasynyň öldürilmegi Gýumride uly protestleri döredipdi, ýerli ýaşaýjylar Permýakowyň ermeni suduna tabşyrylmagyny talap edipdi.

XS
SM
MD
LG