Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara 54 kürt gozgalaňçysyny öldürendigini aýdýar


Türkiýe öz howpsuzlyk güýçleriniň Türkiýäniň günorta-gündogarynda Silopi we Çizre şäherleriniň töwereginde üç günüň dowamynda amala aşyran söweşlerinde 54 sany türkiýeli kürt söweşijisini öldürendigini aýdýar.

Döwletiň gözegçiligindäki Anadoly agentliginiň 18-nji dekabrda habar bermegine görä, howpsuzlyk güýçler Siriýa we Yrak bilen serhetleriň golaýyndaky şäherlerde Kürtleriň işçi partiýasynyň (PKK) söweşijilerini berk yzarlapdyr.

Media maglumatlaryna görä, 10000 polisiýa we harby wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen çäreleriň öňünden bu şäherlerde 14-nji dekabrdan başlap komendant sagady yglan edilipdi.

PKK-nyň we Ankaranyň arasyndaky iki ýyllyk ýaraşyk iýul aýynda tamamlandy we esasan kürt ilatly günorta-gündogarda 30 ýyl çemesi dowam eden we 40000 adamyň ölümine sebäp bolan konfliktiň ýene tutaşmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG