Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Çilim gutularyny ýönekeýleşdirýär


Bir reňkli çilim gutusy

Bir reňkli çilim gutusy

Fransiýada çilim indiki ýylyň maý aýyndan başlanyp bir reňkli gutularda satylar.
17-nji dekabrda kabul edilen kanuna görä, çilimiň gutusynda hiç hili belgiler bolmaz, öndürijiniň ady bir reňkli gapyrjagyň bir ýerinde kiçi harplar bilen ýazylar.

Bu çäre Awstraliýanyň çilimkeşligiň mahabatlandyrmagyň öňüni almak üçin çilim gutularynyň görnüşini sadalaşdyrmak boýunça üç ýyl mundan ozal kanun kabul edip, ornaşdyran tejribesini dowam etdirýär.

Şeýle-de Britaniýa we Irlandiýa Awstraliýanyň modeline eýerdiler.

Geçen aýda Parižiň häkimiýetleri çilim galyndylaryny ýere taşlamak üçin göz öňünde tutulan jerimäni iki esse artdyryp, 68 ýewro ýetirdi. Parižde ýylda 350 tonna çilim galyndysy toplanýar.

XS
SM
MD
LG