Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: 'Demirgazyk akym-2' maslahat edilýär


Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Brusselde geçirýän iki günlük sammitinde öz diskussiýasyny Orsýetden tebigy gazy Germaniýa akdyrmak boýunça planlaşdyrylan “Demirgazyk Akym -2” gaz geçirijisine gönükdirdiler.

Germaniýa tarapyndan goldanýan planlaşdyrylan täze gazgeçiriji Baltiýa deňziniň düýbünden Germaniýa we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki agzalaryna gaz akdyrýan “Demirgazyk Akym” proýektiniň göwrümini artdyrýar.

Emma ÝB-niň Merkezi Ýewropa ýurtlary, şeýle-de ABŞ proýekte garşy çykyp, ony Orsýetiň Ukrainanyň daşyndan geçýän ugurlary güýçlendirmek strategiýasy bilen baglanyşdyrýarlar.

Brusselde 17-nji dekabrda başlanan sammitde ÝB-niň migrasion syýasatyna hem garalýar.

XS
SM
MD
LG