Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Duşenbä kömek iberdi


Türkmenistan Täjigistanyň ýer titremeden ejir çeken regionlaryna ynsanperwer kömegini iberdi.

Media maglumatlaryna görä, “doganlyk türkmen halkyndan” ýazgyly 22 sany demirýol wagonynda Täjigistana iberilen ynsanperwer kömegi 1 müň tonna dizel ýangyjyny, 134 müň tonna 1-nji sortly bugdaý ununy, 12 müň tonna pagta ýagyny we 120 müň tonna gurluşyk materiallaryny öz içine alýar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda “dostlukly akt üçin minnetdarlyk” bildirildi.

Aşgabadyň Duşenbä beren ynsanperwer kömeginiň 7-nji dekabrda Täjigistanyň Daglyk Badahşan regionyndan bolan ýer titreme bilen baglydygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG