Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan: Rus esgeriniň sud diňlenişigi başlandy


Sud Waleriý Permýakowyň işini diňleýär, Gýümri, 12-nji awgust, 2015.
Sud Waleriý Permýakowyň işini diňleýär, Gýümri, 12-nji awgust, 2015.

Ermenistanda Orsýetiň harby bazasynyň golaýynda tutuş bir ermeni maşgalasyny gyrmakda güman edilýän ors esgeriniň sud prosesinde, sud edilýän ýeriň üýtgedilmegi baradaky haýyş ret edileninden soň, arakesme yglan edildi. Aklawçylar prosesiň 30 gün yza süýşürilmegini soradylar.

19 ýaşly ors esgeri Waleriý Permýakow şu ýylyň ýanwarynda demirgazyk-günbatar Ermenistanda ýaşaýan Awetisiýanlaryň maşgalasynyň hemmesini, är-aýalyň özüni hem maşgalanyň bäş sany beýleki agzalaryny, şol sanda alty aýlyk bäbejigi hem atyp öldürenlikde günälenýar.

Orsýet ors soldatynyň güman edilýän jenaýat işine ermeni sudunyň garamagyna alty aýdan soň rugsat berdi.

Sud zaly

Aýdylyşyna görä, Permýakow suddan öňki tussaglykda özüniň ermeni maşgalasyny gyrandygyny boýun alypdyr.

Ýöne sud prosesi Permýakowyň gulluk eden ýeri bolan ors harby bazasynda geçýär.

Ermeni tarapynyň sud harby bazada bolmaly däl diýip eden talabyny sudýa 18-nji dekabrda, Permýakow ors raýaty, onuň howpsuzlygyny orsýet kepillendirmeli diýip, ret etdi.

Pida bolanlara wekilçilik edýän adwokatlar, baza girmäge ilkibaşda ýol berilmänligi üçin, prosesiň başynda ýarym sagatlap suduň zalynda bolup bilmediler.

Galyberse-de, olar suduň zalynda sesiň derejesi pes bolansoň, özleriniň köp zatlary eşidip bilmän galandyklaryndan zeýrendiler.

Höküm

12-nji awgustda Orsýetiň Gümrüdäki harby sudy, özüniň harby bazadan ýarag ogurlandygyny, goşundan gaçandygyny we Gümrükde ýarag ulanandygyny boýun alansoň, Permýakowy 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ermeni maşgalasynyň gyrylmagy ýanwar aýynyň ortalarynda Gümrüde gaharly protestlere getirdi. Adamlar Permýakow derhal ermeni suduna tabşyrylmaly diýip talap etdiler.

Ermeni sudy tarapyndan günäli tapylan halatynda Permýakowa ömürlik türme tussaglygy garaşýar.

12-nji ýanwarda Awetisiýanlaryň maşgalasy tutuşlygyna öz öýünde öli tapylanyndan soňra sanlyja sagatdan soň ors serhetçileri Zaibakal regionynda ýerleşýän Çita şäheriniň ýaşaýjysy bolan Permýakowy tutdular. Ol şondan bäri Orsýetiň Gümrüdäki harby bazasynyň baş tussaghanasynda tussaglykda saklanýar.

Öldürilenler: Awetisiýanyň özi, aýaly, gyzy, ogly, gelni, iki ýaşly gyz agtygy. Onuň alty aýlyk ogul agtygy hem düşen ýaralar sebäpli bir hepde soňra keselhanada ýogaldy.

XS
SM
MD
LG