Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gullugy multimedia maglumatlarynyň täze standartyny goýýar


Aşgabat, hemra antennaly türkmen öýi
Aşgabat, hemra antennaly türkmen öýi

Türkmenistan ýaly ýapyk jemgyýetlerde media görülmek we eşidilmek üçin darkaş gurýar, şol bir wagtda onuň täsiri babatdaky subutnama seýrek. Bu türkmen hökümetiniň niýeti bilen bagly. Türkmenistanyň metbugat azatlygy derejesi, Azatlyk öýi guramasynyň yzygiderli kesgitlemesine görä, dünýäde «ýamanyň ýamany» bolup durýanlaryň arasynda görkezilýär.

Emma şunuň ýaly çäklendirmelere garamazdan, AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy öz işini has azat jemgyýetlerdäki metbugat serişdeleriniň köp funksiýalarynyň mysalynda ýola goýmak bilen, raýatlaryň bähbidine hyzmat etmegiň hötdesinden gelýär.

Bularyň hemmesini az sanly statistiki maglumatlar hem görkezýär: dört ýyl mundan ozal Türkmen gullugynyň websaýtyna ortaça aýda 18,000 okyjy, ujypsyzja adam girýärdi. Şu noýabrda bu saýta girýänleriň sany 861,500 boldy we 1.3 million gowrak sahypa görüldi. Bu websaýt ýurt içinde hemişelik petiklengi, emma oňa girýänleriň 75 prosentden gowragy Türkmenistanyň içinden uç alýar, ýagny olar proksi hyzmatlary ulanyp, petik saýta girýärler. Türkmen gullugynyň YouTube kanalyny görýänler häzir aýda jemi 100,000-e golaý, feýsbuk sahypasynda bolsa Azatlygyň 127,500 muşdagy bar. Dört ýyl ozal Türkmen gullugy hiç hili wideoreportaž taýýarlamaýardy.

Bu statistika ýerli diňleýjileri gyzyklandyrýan, olaryň isleglerini kanagatlandyrýan we interaktiw mazmundan gelip çykýar. Ýurt içinde Azatlyk radiosy diýip bilinýän Türkmen gullugy ýerli ösüş meseleleri, elektrik ýetmezçilikleri we çarkandakly ýollar, şeýle-de halkyň gündelik durmuşyna täsir edýän ýaşaýyş meseleleri barada maglumat berýär. Bu berilýän gepleşikler netijesinde, golaýda häkimiýetler bir obany ýykmak kararlaryny üýtgetmeli boldular, ýerli suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin çäre gördüler.

Azatlyk radiosy Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinde bolýan zatlar, şol sanda «Talyban» we beýleki ekstremist toparlar barada hem gyzgyny bilen, örän özboluşly maglumatlary berýär.

Türkmen gullugyndaky özgerişlikler Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammad Tahir tarapyndan 2011-nji ýylda başlanan programma strategiýasynyň netijesi bolup durýar. Şol wagt «dissident neşiri» bolan we ýerli täzeliklerden sowa geçen Azatlyk radiosy indi, rekord derejede gazanylan netijeler bilen, jemgyýetçilik hyzmatyndaky radiogepleşikler hökmünde bilinýär. «Adamlar biziň habarçylarymyzyň gapylaryny kakyp, öz dertlerini aýtmaga hem-de interwýu bermäge başladylar» diýip, Muhammad Tahir aýdýar. «Ozalky günlerdäkiden düýpli tapawutlylykda, ýönekeý raýatlar hatda biziň kameralarymyzyň öňünde hem açyk gürläp başladylar.»

Bu ulanyjylary has köp özüne çekýän mazmun döredýär, öz diňleýjilerini göni, internetde we efirde özüne baglaýar.

Tahir öz habarçylarynyň ýurt içindäki elýeterligini ykrar etmek bilen, geçen ýyl öz türkmen dilindäki gepleşiklerini iňlis dilinde, regional temada, halkara diňleýjileri üçin guralan çekişmeler bilen hem baýlaşdyrmak kararyna geldi. Hususan-da serhet meseleleriniň beýan edilmegi daşary ýurtlardaky Merkezi Aziýa synçylarynyň arasynda köp muşdak gazandy we ýokary baha mynasyp boldy.

Bu programmalara salgylanmak bilen, Glazgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa barlaglary merkeziniň direktory, Dr. Luca Anceschi Azatlyk radiosyny regiondaky wakalary yzarlamak üçin «iň ynamdar we elýeterli çeşme» diýip atlandyrdy we bu ýagdaýyň Merkezi Aziýanyň geljekki nesliniň pikir-garaýyşlarynyň formirlenişini görkezýändigini belledi.

Azatlyk radiosynyň üstünlikleri ýerli häkimiýetlere garşy durup, habar we maglumat toplamaga het eden ýerli habarçylar üçin gymmat düşdi. Olar geçen ýylyň dowamynda, köplenç bolsa olaryň maşgala agzalary habarçylary dymdyrmak üçin guralan gorkuzma kampaniýanyň nyşanasyna öwrüldi.

Bu kampaniýanyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy bir topar media gözegçiligi guramasyndan we daşary ýurt hökümetlerinden, şol sanda Birleşen Ştatlardan aladaly beýanatlaryň ýaýradylmagyna getirdi.

Soňky 18 aýda dokuz habarçydan altysy işden çekildi, gündogardaky Balkan regionynda ýaşaýan fotožurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew häzir üç ýyl türme tussaglygy jezasyny çekýär. Ol galplaşdyrylan we öz habarlary üçin ar alyş diýip giňden ynanylýan aýyplamalar, neşe maddasy aýyplamasy bilen türmä basyldy.

Radionyň diňe bir işgärlerine hem hüjüm etmek bilen çäklenmän, häkimiýetler Azatlygyň gepleşikleriniň halka gelip ýetmeginiň hem öňüni almaga çalyşdylar, adamlaryň hususy hemra antennalyryny söküp aýryp, olara derek döwlet eýeçiligindäki hemra antennalaryny – Azatlygyň gepleşiklerini eşitdirmeýän antennalary oturtdylar. Gurnalan hat kampaniýasy Türkmen gullugyny we onuň işgärlerini biabraý etmek üçin galplyklary ýaýradýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG