Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Bodrum şäherinden Gresiýa geçmekçi bolýanlary alyp barýan gämi agdarylyp, 18 migrant wepat boldy, 14 migrant bolsa halas edildi.

«Dogan” habar gullygy agaçdan edilen gäminiň 18-nji dekabrda, türk kenarlaryndan 3.5 km uzaklykda agdarylandygyny habar berýär. Onuň üstünde yrakly, siriýaly, pakistanly migrantlar bar eken.

Halas edilenler Bodrum hassahanasyna alnyp gidildi.

XS
SM
MD
LG