Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogany, demirgazyk Yrakdaky türk esgerlerini yza çekmegi dowam etdirip, goňşusy bilen aradaky dartgynlygy kemeltmek tagallasyna çagyrdy.

18-nji dekabrda bolan telefon gürrüňnde Obama Erdogany iki ýurduň arasyna tow salan «dartgynlygy gowşatmak üçin goşmaça çäre görmäge» çagyrdy.

Bagdat Türkiýäni Mosulyň golaýyndaky tälim lagerine rugsat almazdan tälimçi esgerleri ibermekde aýyplaýar.

Erdogan Yragyň goşuny doly çykarmak talabyna garşy çykýar, emma olaryň bir bölegini Yragyň kürt awtonom regionyna geçirdi we olar gowy garşylandy.

Şu hepde «Yslam döwleti» toparynyň hüjüminde türk tälimçileriniň dördüsi ýaralandy.

Ak tam iki lideriň YD-a garşy göreşde hyzmatdaşlyk edilmelidigi bilen ylalaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG