Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa rezolýusiýasy kabul edildi


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Siriýa baradaky rezolýusiýa kabul edildi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Siriýa baradaky rezolýusiýa kabul edildi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň Siriýada halkara parahatçylyk prosesi boýunça taýýarlan gollanma rezolýusiýasynyň taslamasyny biragyzdan tassyk etdi.

Rezolýusiýanyň teksti 18-nji dekabrda, Nýu-Ýork otelinde, 20 sany daşary işler ministriniň gatnaşmagynda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we BMG-niň Siriýa boýunça ilçisi Staffan de Misturanyň çagyrmagy esasynda taýýarlanyldy.

Bu rezolýusiýa Birleşen Milletler guramasyny Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň wekillerini we aram oppozisiýa toparlarynyň bäş ýyla golaý wagt bäri Assadyň režimine garşy söweşýän wekillerini bir ýere toplamaga çagyrýar.

Onda parahatçylyk gepleşikleriniň ýanwar aýyndan başlanyp bilinjekdigi öňe sürülýär.

"Bu geňeş gyzyklanýan taraplaryň ählisine indi Siriýadaky adam öldürmeleri togtatmak we bu ýurduň uzak wagt bäri ejir çeken halkynyň goldajak hökümetiniň düýbüni tutmaga wagt ýetendigi barada açyk çagyryş edýär» diýip, Jon Kerri aýtdy.

"Biziň indi bir mümkinçiligimiz bar, sagady yza süýşürmeli däl, Siriýada şu wagta çenli bolan weýrançylyklaryň hem soňuna çykmak gyty kyn bolar, Siriýa döwletiniň syýasy geçişini üpjün etmegiň ýoluny tapmaly» diýip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama BMG-niň ses berişinden gysga wagt soň aýtdy.

Bu rezolýusiýa belki, aňrybaş bolmasa-da, atyşygyň bes edilmegine ýol açar we ähli taraplaryň biziň birinji üns bermeli zadymyza, «Yslam döwleti» toparyny we onuň regiondaky ýaranlaryny ýok etmegimize talap örülmegimize şert döreder diýip, prezident Obama aýtdy.

Lawrow bu rezolýusiýa Siriýanyň bütewi, dünýewi, onuň ilatyny düzýän ähli toparlar üçin rahat bolup galmagyny nazarda tutýandygyny aýtdy.

Moskwa bilen Eýran Assady goldaýar, emma Siriýanyň oppozisiýasynyň esasy goldawçylary, şol sanda ABŞ, Ýewropa döwletleri, Saud Arabystany Assadyň häkimiýeti terk etmelidigini aýdyp, aýak depýärler.

Prezident Obama Waşingtonyň pozisiýasyny ýene bir gezek dile getirdi, ýagny Assad prezident bolup otursa, Siriýanyň durnukly bolmajagyny aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG