Sepleriň elýeterliligi

Pakistan türkmenleri näme etmeli?


Pakistan türkmenleri

Pakistan türkmenleri

Owganystanda uzaga çeken uruş-gowga zerarly Pakistana göçmeli bolan etniki türkmenleriň köpüsi indi onlarça ýyl bäri dokumentsiz, kyn şertlerde ýaşaýar.

Bu ýagdaý bir tarapdan gündelik güzeran aýlamagy agyrlaşdyrsa, ikinji tarapdan şol maşgalalarda ýetişip gelýän ýaşlaryň okuw, soňra iş mümkinçiliklerini kynlaşdyrýar.

Eýsem, Pakistanda doglan türkmen ýetginjekleri başdan geçirilýän ýagdaýlara nähili baha berýärler? Olar durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin nähili ýollary saýlap alýarlar? Pakistandan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaçgak ýagdaýda göçüp gelýän türkmen ýetginjekleri üçin bosgunlyk çäremi? Pakistanly bosgun türkmen ýetginjekleri Türkiýede nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Pakistandaky türkmen ýetginjekleriniň problemalaryna ser salýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG