Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri, Serž Sarkisýan we Ylham Alyýew Şweýsariýanyň Bern şäherinde duşuşyp, bölüniji region Dagly-Garabag meselesini çözmek barada gepleşik geçirdi.

19-njy dekabrda şweýsar paýtagtynda bolan duşuşyk iki döwletiň serhetlerinde çaknyşyklaryň gürelip, dartgynlylygyň artan wagtyna gabat geldi.

Ermeni we azeri prezidentleri geçen gezek Parižde, 2014-nji ýylyň oktýabrynda duşuşypdylar. ÝHHG-nyň Minsk toparynyň howandarlygynda geçirilen soňky gepleşikler kän bir öňegidişlik döretmedi.

"Duşuşyk wagtynda iki tarap konflikti çözmegiň dürli taraplary barada pikir alyşdy» diýip, Ermenistanyň daşary işler ministri Eduard Nalbandian aýtdy. “Gynansak-da, iki tarapyň garaýyşlary bir-birine gabat gelmedi» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma öz azeri kärdeşi bilen prezidentleriň başa-baş gepleşiklerinden soňky söhbete goşulan Nalbandian "bu gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň diýseň wajypdygyny, sebäbi dialoga hiç bir alternatiwanyň ýokdugyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG