Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz uçary gyssagly gondy


Keniýanyň polisiýasy Fransiýanyň howa ýollarynyň Mauritiusdan Pariže barýan uçarynyň, bortunda şübheli paket tapylanyndan soň, gyssagly gonmaga mejbur bolandygyny aýdýar.

Polisiýanyň sözçüsi Çarlz Owino 20-nji dekabrda Fransiýanyň «Boeing 777» uçarynyň pilotlarynyň Moý halkara aeroportynda gyssagly gonmaga rugsat sorandyklaryny aýtdy.

Onuň üstünde Pariže barýan 459 ýolagçy we 14 sany ekipaž agzasy bar eken. Sözçi ýolagçylaryň hemmesiniň sag-aman ewakuasiýa edilendigini, bomba diýip güman edilen paketiň tualetden tapylandygyny aýtdy.

Owino bomba ekspertleriniň çagyrylandygyny we derňewiň dowam edýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG