Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň demirgazyk-günbatarynda hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda barýan söweşde azyndan 68 adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Harby çeşmeler 19-njy dekabrda saud serhedine golaý Haradh şäheriniň alkymynda 28 esgeriň öldürilendigini aýtdylar. Şaýy huti pitneçileri bolsa özleriniň 40 adam ýitirendigini aýdýarlar.

Hökümetçi güýçlerden 40, hutilerden bolsa 50 adamyň ýaralanandygy habar berilýär. Haradh şu hepdäniň başynda hökümetçi güýçleriň eline geçipdi.

Hutiler bilen hökümet delegasiýasynyň arasynda Şweýsariýada, BMG-niň howandarlygynda geçirilýän ýaraşyk gepleşiklerine agarmazdan, söweşler dowam edýär.

Bu gepleşikler 17-nji dekabrda başlandy we 20-nji dekabrda soňlanýar.

XS
SM
MD
LG