Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň günorta-gündogarynda PKK, Kürdüstan işçiler partiýasyna garşy geçirilen uly operasiýada 70 sany güman edilýän jeňçi, iki sany türk esgeri öldürildi diýip, türk goşuny 19-njy dekabrda aýtdy.

Bu operasiýa 16-njy dekabrda, Jizre we Silopi, şeýle-de goňşulykdaky Diýarbekir şäherlerinde başlanypdyr.

Türk harbylary uruş uçarlarynyň 18-nji dekabrda demirgazyk Yrakdaky PKK lagerlerini hem bombalap, olaryň çadyrlaryny we ýaragly berkitmelerini weýran edendigini habar berdi.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu Türkiýe kürt jeňçileriniň baş-başdaklyk döretmegine ýol bermez diýdi.

"Eger olar bizden bölünmek ugrunda darkaş gurýan bolsa, biz muňa hiç wagt ygtyýar bermeris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG