Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” owgan etrabyny basyp aldy


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

“Talyban” hereketi günorta Owganystanyň Helmand welaýatyndaky strategik taýdan ähmiýetli etraby öz kontrollygyna geçirdi.

Helmand welaýat häkiminiň orunbasary Mohammad Jan Rasulýaryň 21-nji dekabrda beren maglumatyna görä, birnäçe gün dowam eden çaknyşyklardan soň “talyban” söweşijileri Sangin etrabyny doly diýen ýaly basyp alypdyrlar. Rasulýar gozgalaňçylar etrapdaky diňe owgan armiýasynyň desgalaryny ele geçirmedi diýýär.

Kabulda Owganystanyň hökümetiniň baş ýerine ýetirijisi Abdullah Abdullah bilen prezident Aşraf Gani ýurduň howpsuzlyk ministrleri bilen ýygnak geçirip, bu ugurda “gyssagly herekete geçiljekdigini” wada berdiler.

19-njy dekabrda Rasulýar Facebook sosial ulgamyndan prezident Ganiniň adyna adaty bolmadyk beýanat ýaýratdy. Ol öz beýanatynda merkezi häkimiýet harby ýardam ugratmakda şowsuz bolsa, onda Helmand welaýatynyň söweşijileriň kontrollygyna geçip biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG