Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji simfoniýa


Simfoniki sazy ilkinji gezek belent sütünli, ak syrçaly mukam köşgünde däl-de, ýalyn öwüsýän açyk meýdanda diňledim.

Baýramalynyň düzünde, Ahyrly diýen giň takyrlygyň bir çetinde, iki adam bolup, gowaça suw tutýardyk. Tomsuň jokrama yssysy ýakyp-ýandyryp barýardy.

Bir obadaşymyz bolsa şol ýerde ýandak çapýardy. Ol günortan çaýyna biziň ýanymyza, ýagny suwuň başyna geldi.

Onuň „Moskwiç“ kysymly maşyny bardy. Adam-garasyz, it-guşsuz bu takyrlykda ol maşyn edil Aýdan düşen ýaly ýaldyraýardy.

– Ine, ulag diýip şuňa aýdaýsaň – diýip, baş suwçy “Moskwiçe” guwanyp seretdi. – Buhar emiriniň ýüz aty bolupdyr diýýärler. Bolanda näme! Heý, şunuň barjak ýerine olaryň biri baryp biljekmi ýa şunuň yzyndan ýetjekmi?

Maşyn eýesi bu söze monça bolup, ulagyny derrew güne tarap keserdip goýdy.

Biz „Moskwiçiň“ gapdalyndan pilimizi ýere dikip, üstüne ganar gerdik. Bu bir kelle sokaýar ýaly kölege boldy.

Baş suwçy çaýdan bir käse içip, nepesini dürsedi.

– Munuň höziri başgadyr diýdim-ä. Häli görseň, munuň radiosam aýdym aýdyp durandyr.

Maşyn eýesi suwçynyň äheňine düşünip, mähetdel etmän radiony açdy. Hakykatdanam, radioda günortanlyk aýdym-saz gidip duran ekeni.

Örän mylaýym saz ýaňlanyp başlady. Şol saza garylyp, belli opera aýdymçysy Hoja Annaýewiň owazy kem-kemden ýokary galdy.

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,

Diýdiň: «Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni».

Magtymgulynyň goşgusyna döredilen bu aýdymyň soňky setirleri hyýalyma gelip başlady.

“Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni…”

Aýdymy demimi alman diýen ýaly diňledim. Ol aýdymy kimiň döredenini biljek däl, ýöne saz edil Hojanyň sesine niýetlenen bolsa gerek, ol aşa mylaýym hem ýakymlydy.

Magtymgulynyň bu goşgusynyň setirleri uzyndy. Ol uzynlyk saza hem tenoryň çeküwli sesine laýyk gelýärdi.

Aýdym tamamlandy. Saz gutardy. Ýere seredip oturan suwçy başyny dikledi.

– Bäh, bu sazy görsene, içinde ýekeje-de dutary ýok. Şonda-da nähili ýakymly, dutaryň bar owazyny berip dur – diýdi.

Suwçynyň gulagy ol ýerde dutaryň ýokdugyny takyk saýgarypdyr. Muňa haýran galdym. Dutarsyz mukamy simfoniki orkestr döredýärdi.

Şol ýalazy meýdanda, günüň ýakyp-ýandyryp barýan wagtynda eşiden sazym gaýdyp gulagymdan çykmady.

Simfoniki sazlary men şondan soň söýüp başladym.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG