Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Ýerewandaky bazany güýçlendirýär


Orsýetiň Goranmak ministrligi özüniň Ermenistandaky howa bazasyny güýçlendirmek üçin has köp harby serişdeleri ýerleşdirendigini yglan etdi.

Ministrligiň 21-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ermeni paýtagty Ýerewanyň golaýyndaky baza jemi alty sany hüjüm ediji we transport dikuçarlary iberilipdir.

Şeýle-de, maglumatda “Mi-24” we “Mi-8” kysymly dikuçarlaryň Orsýetiň günortasyndaky Krasnodar regionynda ýerleşýän harby bazadan Ermenistanyň Erebuni sebitindäki howa baza geçirilendigi nygtalýar.

Şu ýylyň dekabr aýynyň başynda hem Orsýet Ermenistandaky howa bazasyna ýedi sany dikuçary iberipdi.

XS
SM
MD
LG