Sepleriň elýeterliligi

HRW Orsýeti we Siriýany aýyplaýar


Orsýetiň "Su-24" kysymly uçarlary.

Orsýetiň "Su-24" kysymly uçarlary.

Human Rights Watch (HRW) guramasy Moskwany we Damasky Siriýada harby hüjümlerinde gadagan edilen klaster ok-däri serişdelerini “giňden ulanmakda” aýyplaýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň maglumatynda, gurama 30-njy sentýabrda Siriýa we Orsýet bilelikdäki hüjümlerine başlany bäri şeýle ok-däri serişdeleriniň azyndan 20 ýerde ulanylandygyny dokumentleşdirdi diýýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama dokuz sebitde amala aşyrylan hüjümler barada jikme-jik maglumatlary ýygnady. Şol sebitdäki hüjümlerde parahat ilatdan azyndan 35 adamyň, şol sanda bäş zenanyň we 17 çaganyň ölendigi we başga-da onlarça adamyň ýaralanandygy bellenilýär.

Human Rights Watch guramasynyň 20-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, ýakynda edilen şeýle hüjümleriň ählisi Siriýanyň oppozisiýasynyň kontrollygyndaky territoriýalarda amala aşyrylypdyr.

Klaster ok-däri serişdeleri gury ýerden artilleriýa we raketa hüjümleri ýa-da howadan söweş uçarlary arkaly amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG