Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada CSTO-nyň liderleri duşuşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşýar. 21-nji dekabr, 2015 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşýar. 21-nji dekabr, 2015 ý.

Orsýetiň liderligindäki “Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna” (CSTO) we “Ýewraziýa ykdysady birleşigine” agza ýurtlaryň liderleri 21-nji dekabrda Moskwa duşuşýarlar.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň aýtmagyna görä, “Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” Kollektiwleýin howpsuzlyk geňeşi baradaky sessiýasynyň gün tertibinde guramanyň Baş sekretary Nikolaý Bordýužana mirasdüşer saýlamak we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça beýannama kabul etmek ýaly meseleler durýar.

“Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň” düzümine Orsýet, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär.

Şeýle-de, 21-dekabrda “Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşi” hem öz sessiýasyny geçirýär. “Ýewraziýa ykdysady birleşigi” resmi taýdan 2015-nji ýylda döredildi we ol Orsýeti, Ermenistany, Belarusy, Gazagystany we Gyrgyzystany öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG