Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani: TOPH proýektiniň ähmiýeti uly


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurduň günorta welaýatlaryndaky ýaşulular bilen geçiren duşuşygynda TOPH proýektiniň Owganystan üçin bähbidiniň uludygyny nygtap, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň Owganystandan geçýän böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kömek sorady.

Mälim bolşy ýaly 13-nji dekabrda TOPH gazgeçiriji proýektiniň, türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu gazgeçirijiniň 2019-njy ýylyň dekabryna çenli gurluşygynyň tamamlanyp, ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde käbir ekspertler bolsa, bu proýektiň Owganystanyň we Pakistanyň territoriýalaryndan geçýän böleginde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlygyna saklanyp galýandygyny aýdyp, bu proýektiň amala aşmagyna şübhe bildirýärler.

Owgan prezidentiniň TOPH proýekti barada eden çykyşy hakda Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:58 0:00

XS
SM
MD
LG