Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň zarbalarynda ençeme adam öldi diýilýär


Idlib,

Idlib,

Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky şäherde Orsýetiň harby uçarlarynyň amala aşyrandygyna ynanylýan howa zarbalarynda köp adamyň öldürilendigi aýdylýar.

20-nji dekabrda urlan bu zarbalarda Idlib welýatynyň merkezi bolan Idlib şäherinde märekeli bir bazar, ençeme resmi binalar, şeýle hem ýaşaýyş jaýlary nyşana alnypdyr.

Heläkçilige uçranlar barada berilýän maglumatlar biri-birinden tapawutly.

Siriýanyň adam hukuklaryna gözegçilik topary ölenleriň sanyny 36 diýip berip, köp adamlaryň-da ýaralanandygyny aýtdy.

Orsýet tassyklanok

"Reuters" habar gullugynyň, halas ediş işgärlerine salgylanyp bildirmegine görä bolsa, 43 adamynyň ölendigi tassyklanýar. Ýene-de, kimdigi anyklanmadyk, azyndan 30 jeset bar.

Habar gullugy 150-den agdyk adamyň ýaralanandygyny, agyr ýaralylaryň Türkiýedäki keselhanalara äkidilendigini bildirdi.

Idlibi üstümizdäki ýylyň başlarynda yslamçy toparlar, şol sanda ”Al-Kaýda” bilen ilteşikli ”al-Nusra Frontuny-da” öz içine alýan gozgalaňçy toparlaryň koalisiýasy eýeledi.

Orsýet özüniň bu sebitde howa zarbalaryny amala aşyrandygyny tassyklanok.

Orsýet sentýabr aýynda Siriýada ýaragly toparlara garşy howa zarbalaryna başlady. Ol nyşana alynýanlar "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçileri, şeýle hem beýleki "terroristler" diýýär. Ýöne Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlarynyň aýtmagyna görä, Orsýetiň Siriýadaky konflikte harby taýdan goşulmagyndan maksat - prezident Başar al-Assady goldamak.

Rezolýusiýa

20-nji dekabrda Siriýanyň goşuny Orsýetiň howadan kömek bermegi bilen özüniň Halabyň (Alepponyň) golaýyndaky bir şäheri gozgalaňçylardan yzyna alandygyny aýtdy.

Günbatara, ýagny Idlibe tarap ilerlemäge ýol açan Han Touman şäheriniň alynmagy diýilýär.

18-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýada parahatçylyk prosesini ýola goýmak üçin rezolýusiýa kabul etdi. Parahatçylyk planynda atyşyklaryň bes edilmegi, Siriýa hökümeti bilen oppozisiýanyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 6 aýyň içinde aralyk hökümet gurlup, 18 aýyň içinde hem Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçiliginde saýlawlar geçirilmeli.

Ýöne Siriýanyň geljeginde Assadyň näme rol oýnamalydygy hakda uly döwletleriň arasynda ylalaşyk ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG