Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şowlulyk üçin täzeden başlamak gerek


Statistika ynanylsa, bir adamynyň Täze ýyl arzuwynyň geljekde hakykata öwrülmek mümkinligi o diýen uly däl. Ýöne, keýpiňizi gowulap, arzuwlaryňyzy täzelemek üçin hökman 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli garaşmagyň geregi ýok. Ýyl täzelenende, her bir işe täzeden başlamaga köp mümkinçilik döreýär.

Bir işe gaýtadan başlamak üçin sepgitleriň täzelenýän günlerinden birini saýlap alyň. Şeýlelikde siz alymlaryň "täze başlangyjyň täsiri" diýip atlandyrýan güýjünden hem hyjuwyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Adamlar her gezekde, şowsuzlugyň yzda galmagyny isläp işe has düşümli we şowly ýagdaýda täzeden başlamagy ýüregine düwende, özüni göz öňünde tutýan pellehanasyna ýeter ýaly derejede gurply we hyjuwly duýýar.

Uorton mekdebinden Katherine Milkmanyň ýolbaşçylyk edýän bir topary golaýda "Täze başlangyjyň täsiri" barasynda bir barlag geçiripdir. Olaryň pikriçe, bir fitnes merkezine gatnap başlamak hem, edil doglan güni, täze aýyň, täze hepdäniň, ýagny haýsam bolsa möhüm bir döwrüň başy ýaly bir öwrülişik pursadynyň roluny oýnap biler.

Göýä täze öýe geçen ýaly göz öňüne getiriň...

Alymlar, bu barlagyň netijelerinden ugur alyp, täze bir netijäniň üstünde hem synag geçirmäge başlapdyrlar. Alymlar, synaga gatnaşýan adamlardan ilki bilen nämäni arzuw edýändiklerini sorapdyrlar. Soňra bolsa olardan özlerini täze bir öýe göçen ýaly duýmagyny haýyş edipdirler. Käbirlerinden 10 ýyldan bäri ýaşap ýören şäherinden başga bir ýere göçen ýaly, käbirlerinden hem her ýyl öýlerini täzeleýän ýaly, şeýle-de ýaşaýan ýerlerini üýtgetmegi adaty bir ýagdaý ýaly duýmagy haýyş edipdirler. Soňra-da olardan täze ýere göçen mahaly öz göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmek üçin özüni näderejede hyjuwly duýýandygyny, başdan geçiren döwrüne görä, nähili üstünlikli sepgitlere ýetdim diýip hasap edýändiklerini sorapdyrlar. Barlagyň netijesinde, soňky 10 ýylda ýaşaýan ýerini ilkinji gezek çalşan ýaly göz öňüne getirenleriň özüni has hyjuwly duýýandygy aýan bolupdyr. Olar şeýle üýtgeşikligi özüne adatça ýyl çalşygynyň berýän täsiri ýaly duýupdyrlar.

Özüňize täze başlangyçlar gözläň

Geçirilen ylmy barlagdan şeýle netije çykarmak mümkin, ýagny "täze başlangyçlar" öz göz öňünde tutýan maksatlarymyza ýetmek taýdan bizi has hyjuwly ýagdaýa getirip bilýär. Şeýle bolanda biz özümizi geçen döwri onuň ähli şowsuzlyklary bilen birlikde yzda galdyrmaga has başarjaň hasap edýäris. Bu bolsa adamda özüne ynam duýgusyny döredýär hem ony dogumlandyrýar.

Geçirilen ylmy barlagyň netijeleri şol bir wagtda özüni ýaramaz endiklerden saplamak isleýänlere hem ylham çeşmesi, hem tutaryk bolýar. Şeýle-de öz ýaman endiklerini telim gezek taşlamaga synanyşyp, ony başaryp bilmeýänleri hem bir netije gazanmaga höweslendirýär. Olar munuň netijesinde her bir öwrülişik pursadyny (Doglan güni, Täze ýyl, täze işe başlamak, täze öýe göçmek, täze tälime başlamak we ş.m) göýä durmuşda täze bir başlangyç ýaly kabul edip, öz göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmäge has güýçli hem höwesli ymtylyp, çalt öňegidişligi gazanyp bilerler.

XS
SM
MD
LG