Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: 600 müň tonna neşe tutuldy


Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça gullugynyň başlygy Wiktor Iwanow

Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça gullugynyň başlygy Wiktor Iwanow

Orsýetiň we Owganystanyň kanun goraýjy resmileriniň bilelikde geçiren çäreleriniň netijesinde 600 müň tonnadan gowrak tirýek ele salnypdyr.

Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça gullugynyň başlygy neşäniň dekabryň ortalarynda Owganystanyň demirgazygyndaky Doşi şäherinde ele salnandygyny aýtdy.

Wiktor Iwanow 22-nji dekabrda Moskwada geçiren metbugat-konferensiýasynda neşäni Owganystanyň neşä garşy polisiýasynyň Orsýet tarapynyň beren maglumatlarynyň esasynda ele salandygyny habar berdi.

Iwanow tirýegiň Owganystandan Türkiýä barýan ýük ulagynda tapylandygyny we onuň gerion öndürip, Ýrewropada we beýleki ýerlerde satmak üçin niýetlenendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG